Sepleriň elýeterliligi

Separatistler: 'Referenduma gatnaşyk ýokary'


Gündogar Ukrainadaky öz-özlerini bellän resmiler iki regionda geçirilen öz-özüňi dolandyryş referendumlaryna köp adamyň gatnaşandygyny aýdýarlar.

Donetsk şäherinde, 11-nji maýda refrendum geçirýän iki regionyň biriniň paýtagtynda ses beriş uçastoklarynyň birnäçesinde uzyn nobatlar görüldi.

Orsýetçi separatistler Donetsk we Luhansk regionlarynda referendum gurnadylar.

Kiýewdäki häkimiýetler we Günbatar hökümetleri bu referendumlary ýazgardy we olaryň bikanundygyny aýtdy.

Separatist ýolbaşçylar geçen aý Orsýet bilen serhetleşýän iki regionda «halk respublikalaryny» yglan etdiler.

«Donetsk halk respublikasynyň» saýlaw komissiýasynyň başlygydygyny aýdan Roman Lýahin ses bermäge aglaba köplügiň gelendigini aýtdy.

Ukriana tarapdar media 6.5 million çemesi ilaty bolan iki regionda hem umumy ses berişligiň derejesiniň pes bolandygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG