Sepleriň elýeterliligi

Kabul: Talybanyň "ýazky hüjümleri" başlady


Owganystanyň resmileri ýurduň Nangarhar welaýatyndaky Kazyýet departamentiniň edarasyna “Talyban” söweşijileriniň bir toparynyň hüjüm edendigini habar berýärler.

Ýerli polisiýa bölüminiň metbugat wekili Hazrat Hussain Maşrikwalyň berýän maglumatyna görä, welaýatyň paýtagty Jalalabatdaky kazyýet edarasynyň içinde söweşijiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

Bu hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Bu aralykda, Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň ýaýradan beýanatynda 12-nji maýda Kabulyň halkara aeroportyna iki sany raketa hüjüminiň amala aşyrylandygy habar berilýär. Maglumatda bu hüjümde adam ýitgisiniň bolmandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG