Sepleriň elýeterliligi

​Ýemen: Dronly hüjümde iki adam öldi


Ýemendäki resmi we tire-taýpa çeşmeler pilotsyz uçarlaryň ulaga amala aşyran howa zarbasynda azyndan iki adamyň ölendigini habar berýärler. Gürrüňi edilýän ulagda “Al-Kaýda” söweşijileri diýlip güman edilýänleriň bardygy aýdylýar.

Pilotsyz uçarlaryň howa zarbasy netijesinde 12-nji maýda Marib welaýatyndaky Wadi Abida etrabyna sapar edýän bu ulag weýran edildi. Gürrüňi edilýän welaýat ýurduň paýtagty Sananyň gündogarynda ýerleşýär.

Resmiler öldürilen söweşijileriň şahsyýetini anyklamak boýunça derňewleri geçirýändiklerini mälim etdiler.

Pilotsyz uçarlaryň howa zarbasy bir janyndan geçen hüjümçiniň ulagly bomba bilen ýurduň Mukallah şäherindäki polisiýa binasyna hüjüm etmeginden bir gün soň bolup geçdi. Şol wakada ýemenli 10 esger we parahat ilatdan bir adam ölüpdi.

Ýemeniň armiýasy ýurduň durnuksyz günorta sebitinde “Al-Kaýda” ilteşikli söweşijilere garşy harby kampaniýalary alyp barýar.
XS
SM
MD
LG