Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa Moldowa duýduryş berdi


Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin Moldowa Ýewropa Bileleşigi bilen assosiasiýa ylalaşygyna gol goýsa, munuň Kişenew üçin netijeleriniň bolup biljekdigini aýdyp, duýduryş berdi.

12-nji maýda Russiýanyň “Komersant” gazetinde çap bolan interwýusynda Rogozin Moldowa Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýsa, Moskwa Kişinew bilen gatnaşyklaryny gaýtadan gözden geçirer diýýär.

Şeýle-de, ol agzalaryň Ýewropa Bileleşigine goşulmazdan öň NATO-nyň düzümine girendiklerine ünsi çekip, eger-de Moldowa ÝB goşulmagy saýlap alsa, onda onuň bitaraplyk statusynyň üýtgejekdigini öňe sürdi.

Bu interwýu moldowaly resmiler Rogozini Moskwa alyp barýan Kişinewdäki rus uçarynda petisiýalary konfiskasiýa etmeginden iki gün soň boldy. Şonda Rogozin Pridnestrowiýa sebitine eden dawaly saparyndan Russiýa yzyna gaýdyp barýardy.

Maglumata görä, gürrüňi edilýän sanawda Pridnestrowskiýniň ýaşaýjylary tarapyndan gol goýlup, onda Russiýanyň bu territoriýany anneksiýa etmegi üçin çagyryş edilýär.
XS
SM
MD
LG