Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Söweşijiler garaşsyzlyk isleýär


Ukrainanyň gündogaryndaky söweşijiler Kiýew tarapyndan ykrar edilmedik we Günbatar ýurtlaryň aglabasy tarapyndan bikanun diýip häsiýetlendirilen referendum diçilýän ses berişikde ses berijileriň 90%-ne golaýynyň öz-özüňi dolandyryşy goldandygyny aýdýarlar.

Donetskdäki Russiýa tarapdary aktiwistleriň sözlerine görä, sebitiň öz-özüni dolandyrmagy üçin ilatyň 89,7%-i “hawa” diýip ses beripdir. Ses bermäge sebitdäki ilatyň 75%-niň gatnaşandygy aýdylýar.

Saýlawlaryň deslapky netijeleri saýlaw merkezlerindäki ses berişik tamamlanandan diňe iki sagat soň yglan edildi. Saýlawlar kagyz býulletenleri bilen amala aşyryldy.

Donetsk öz-özüňi dolandyrmak boýunça separatistler tarapyndan 11-nji maýda referendum diýilýän ses berişik geçirilen Ukrainanyň gündogaryndaky iki regionyň iň ulusydyr.

Öz-özüňi dolandyrmak boýunça referendum diýilýän ses berişik geçirilen regionlaryň ýene biri Luganskda separatist saýlaw resmileri ses bermäge gatnaşanlaryň 96%-niň garaşsyzlygy goldandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG