Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

"Boko Haram" gyzlary söweşijilere çalyşmak isleýär


Geçen aý “Boko Haram” yslamçy söweşiji topary tarapyndan takmynan 100 gyzyň alnyp gaçylandygyny görkezýändigi aýdylýan wideo köpçülige ýaýradyldy.

“Boko Haram” yslamçy söweşiji toparyň lideri Abubakar Şekaunyň (Abubakar Shekau) wideoda berýän maglumatyna görä, onuň topary alnyp gaçylan gyzlary tussaglykdaky söweşijiler bilen çalyşmaga taýýar.

17 minutlyk wideo ýazgyda yslam düzgünlerine laýyk gelýän görnüşde geýnen we doga-dileg edýän gyzlar görkezilýär. Gyzlaryň üçüsi wideo ýazgyda çykyş edýär. Olaryň biri özüniň öňden hem musulmandygyny, beýleki ikisi bolsa dinini hristiandan yslama çalyşandyklaryny aýdýar.

Gyzlaryň biri özlerine zyýan ýetirilmändigini aýdýar. Wideonyň haçan we nirede ýazga düşürilendigi barada takyk maglumat ýok.

“Boko Haram” topary 14-nji aprelde Nigeriýanyň demirgazygynda 270-den gowrak gyzy alyp gaçyp, olary satmak bilen haýbat atdy. Alnyp gaçylan gyzlaryň takmynan 50 sanysy gaçmagy başardy.
XS
SM
MD
LG