Sepleriň elýeterliligi

Okuwçylaryň täze borçlary kesgitlendi


Täze düzgünlerde okuwçynyň "prezidentiň wepaly ogul-gyzlary bolmaga" borçludygy aýdylýar.

Täze düzgünlerde okuwçynyň "prezidentiň wepaly ogul-gyzlary bolmaga" borçludygy aýdylýar.

Geçen hepde paýtagtyň orta mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň we olaryň ata-eneleriniň ýa-da olaryň ornuny tutýanlaryň borçlaryny kesgitleýän ýörite borçnama paýlanylyp, olara gol çekmek talap edildi. Bu borçnama okuwçylaram, olaryň ene-atalaram gol çekmeli.

Borçnamada okuwçynyň “päk ýürekden yhlasly okamaga, mekdepde talap edilýän içki düzgün-nyzam we jemgyýetçilik durmuşynyň talaba laýyk gelýän düzgünlerini berjaý etmäge” borçludygy aýdylýar.
Borçnama

Borçnama

Borçnama boýunça, okuwçylaryň ata-eneleri çagalaryny “terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okamagy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamak barada kanunlara, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna hyzmat goýmak medeniýetini terbiýelemäge” borçludyrlar.

Şol bir wagtda hem paýtagtyň orta mekdepleriniň käbirlerinde bu borçnamadaky aýdylýan mekdep düzgün-tertipleri we okuwçylaryň hem-de ata-eneleriň borçlary baradaky dokumentler asylypdyr.

Paýtagtyň 55-nji orta mekdebiniň girelgesinde asylan ata-eneler üçin şol düzgünleriň birinde okuwçynyň ata-enesiniň “döwlet, şäher, etrap möçberinde geçirilýän dürli bäsleşiklere we baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmana çagasyna mümkinçilik döretmelidigi” aýdylýar.

Okuwçylaryň özüni alyp barmagynyň düzgün-tertibinde bolsa, okuwçydan Watana wepaly bolmak bilen bir hatarda “Türkmenistanyň hormatly prezidentiniň alyp barýan syýasatynyň many-mazmuny esasynda ýaşamak, okamak we zähmet çekmek" talap edilýär. 5-12-nji klaslarda okaýanlara bolsa “Watanyň, prezidentiň wepaly ogul-gyzlary bolmaga” borçludygy aýdylýar.

“Bu borçnama mekdeplerdäki häzirki düzgünleri resmileşdirýär. Indi çagalary arkaýyn çärelere äkidip bilerler. Garşylyk görkezene bolsa gol çekdiň-ä diýerler” diýip, paýtagtyň Parahat mikroraýonynyň ýaşaýjysy Ýakup aýdýar.

Emma...

Şol bir wagtda hem Türkmenistanyň Bilim hakyndaky kanunynyň 33-nji maddasynda okuwçylary, terbiýeçileri jemgyýetçilik-syýasy birleşmelere, hereketlere we partiýalara girmäge mejbur etmäge, şeýle hem olary bu guramalaryň işine we wagyz etmek çärelerine hem-de syýasy hereketlere gatnaşmaga mejbur etmäge ýol berilmeýär diýip ýazylan.

Mekdepleriň bildiriş tagtalarynda ýerleşdirilen täze düzgünler

Mekdepleriň bildiriş tagtalarynda ýerleşdirilen täze düzgünler

Bu täze girizilen borçnama näme sebäplere görä gol çekdirilýändigi barada bilim edaralary metbugatda düşündiriş bermeýärler. Paýtagtyň käbir orta mekdepleriniň mugallymlaryndan bu barada soranymyzda, olaryň ählisi diýen ýaly bu borçnamanyň “ýokardan gelendigini”, emma sebäplerini bilmeýändiklerini aýtdylar.

Geçen hepdede ata-enelerden gol çekmek talaby girizilen borçnamanyň ahyrynda “Ata-enelere ýa-da olaryň orunlaryny tutýanlara çagalarynyň terbiýesi, olaryň bilim almagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapçärçilik çekýändikleri” barada duýduryş berilýär.

Borçnamada haýsy kanun we nähili maddalar boýunça jogapkärçiligiň göz öňünde tutulýandygy barada hiç zat aýdylmaýar. Bu barada bilim işgärlerinden hem maglumat almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG