Sepleriň elýeterliligi

Şarlotta Gall: Owganystan duşman däl-de pida


Britaniýaly žurnalist Şarlotta Gall, Tunis, 20-nji mart, 2014.

Britaniýaly žurnalist Şarlotta Gall, Tunis, 20-nji mart, 2014.

"New York Times" gazetiniň žurnalisti Şarlotta Gall (Carlotta Gall) “Ýalňyş duşman: Amerika Owganystanda, 2001-2014” atly kitabynda Pakistanyň Owganystana goşulyşmagynyň üstüni açýar we Yslamabady zorlugy tutaşdyrmakda aýyplaýar. “Owganystan däl-de, Pakistan hakyky duşman” diýip, žurnalist ýazýar.

Azatlyk Radiosy ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky halkara goşunlarynyň Owganystandan çykarylýan wagtynda çap bolan bu kitabyň awtory Şarlotta Gall bilen söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Ýakynda çap bolan “Ýalňyş duşman: Amerika Owganystanda, 2001-2014atly kitabyňyzy ýazmaga size näme itergi berdi?

Şarlotta Gall: Esasy sebäbiň kitabyň ady bilen baglanyşygy bar. Owganystandan uzak wagtlap habar bermek arkaly men köp zadyň nädogry ýerde we nädogry adamlara garşy amala aşyrylandygyny gördüm. Köp owgan obalary oda berildi we köp owgan raýaty ejir çekdi. Şeýle-de daşary ýurtly esgerler we owgan esgerleri wepat boldy. Meniň bilen söhbetdeş bolanlaryň hemmesi "Olar näme üçin bu ýerde söweşýärler? Meseläniň çeşmesi serhediň beýleki tarapynda, Pakistanda ýerleşýär" diýýärdi. Meniň pikirimçe, biziň ählimiz, ýagny şol ýerdäki žurnalistleriň ählisi hakyky ýagdaýy görkezmegiň we serhetde ýüze çykýan ýagdaýlar barada açyk aýtmagyň iňňän wajypdygyna göz ýetirýärdi.

Men syýahat edemde şol ýerde “Talybany” gördüm. Men munuň nähili hereket edýändigini, nädip Pakistan tarapyndan maliýeleşdirilýändigini we Pakistanyň gizlin gulluklarynyň nädip gozgalaňlary tutaşdyrýandygyny düşündiren adamlar bilen duşuşdym. Netijede men Osama bin Ladeniň şol ýerde gizlenýändigini we iş ýüzünde Pakistan tarapyndan goldanýandygyny anykladym. Şeýlelikde men urşuň adalatsyzlygyny görkezmek üçin bu zatlaryň ählisiniň üstüni açmagyň ýollary barada pikirlendim.

Azatlyk Radiosy: Siz kitabyňyzda öňe sürülýän maglumatlary tassyklap biljek takyk çeşmeler ýok diýip biljek pakistanly okyjylaryňyza nähili jogap berip bilerdiňiz?

Şarlotta Gall: Men olar bilen doly ylalaşmaryn. Meniň, 12 ýyllap regiondan habar berenimde, diňe gowy barlanan çeşmelerden alnan maglumatlary ulalandygyma göz ýetirýän bolsaňyz gerek. Şol adamlary men ençeme ýyllap tanaýaryn, käbirlerini 20 ýylap, olar ýyllaryň dowamynda maňa maglumat beripdiler we mende şol maglumatlary barlamak üçin mümkinçilik bolupdy.

Men şol maglumatlaryň esasynda habar beripdim. Meselem, olar maňa “Talybanyň” liderleriniň atlaryny we adreslerini beripdiler, men şol gapylary kakyp, agzalan adamlary tapyp bilýärdim. Başgaça aýdylanda olaryň maglumatlary örän ynamlydy, bolmasa men maglumatlary aňsat ulanmaýaryn.

Men öz çeşmelerimiň atlaryny aýdyp bilmeýärin, sebäbi bu Pakistanda örän howply, islendik pakistanly žurnalist muny gowy bilýär. Olar Pakistanyň gizlin gulluklarynyň basyşlaryny hem bilýärler. Olar adamlaryň uly gorky astyndadygyny we gizlin gulluklaryň olara daşary ýurtly žurnalistler bilen gepleşmäge rugsat bermeýändigini bilýärler, şeýlelikde olar meniň bilen gepleşende örän uly töwekgelçiligiň astyna düşýärler. Bu zatlaryň ählisini hasaba alyp, men islendik maglumaty özümiň bar tejribämiň we bilimimiň esasynda ulanýaryn. Bu örän ynandyryjy maglumatlar sebäbi meniň tejribämiň we bilimimiň synagyndan geçdi.

Azatlyk Radiosy: Siz öz kitabyňyz barada ýakynda geçiren diskussiýaňyzda Owganystanda tunisli bir ýaş adama duş gelip, onuň WikiLeaksyň maglumatlarynyň paş edilmeginiň Ýakyn Gündogaryň ýagdaýyny nähili üýtgedenligi barada we Tunisde hem Müsürde rewolýusiýalara itergi berendigi barada aýdandygyny we munuň sizde uly täsir galdyrandygyny gürrüň berdiňiz.

Şarlotta Gall: Meniň bu kiçijik hekaýaty gürrüň bermegimiň sebäbi onuň aýdan zatlary, ýagny gizlin maglumatlaryň üstüniň açylmagynyň Tunisiň halkynyň gözüni açyp, täze pikrileri döredendigi, sebäbi bu maglumatlaryň olaryň öň bilmeýän zatlary bolandygy barada gürrüň bermegi meni diýseň geň galdyrypdy.

Men ýyllaryň dowamynda toplan zatlarymy pakistanly, owganystanly we amerikaly adamlara hödürlemek isleýärin.

Hatda söweşe gatnaşýan amerikan esgerleri-de, ABŞ-nyň kongressmenleri-de hakykaty bilmeýärler ýa-da olar ýagdaýa doly düşünmeýärler. Şeýlelikde bu ýerde žurnalistleriň edip bijek möhüm işi faktlary beýan etmekdir we ýyllaryň dowamynda toplanan we öwrenilen maglumatlary jemläp, öňe sürmekden ybaratdyr soň adamlaryň we syýasatçylaryň özleri netije çykaralar.

Azatlyk Radiosy: Pakistanly žurnalist we kommentator doktor Mohammad Tagi siziň öz kitabyňyzda pidalaryň nukdaýnazaryndan ýazmagyňyzy halandygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, siz Owganystana terrorçylygyň pidasy hökmünde we dünýäniň Owganystanda terrorçylyga garşy göreş üçin saýlap alan ýalňyş ugrunyň pidasy hökmünde garaýarsyňyz. Siz nädip şu pikire geldiňiz? Pakistan hem özüni terrorçylygyň pidasy diýip atlandyrýar. Şeýlelikde siz nädip olardan haýsysynyň pidadygyny anyklap bildiňiz?

Şarlotta Gall: Men pida diýenimde, hemmäni göz öňünde tutýaryn. Men ilkinji nobatda pakistanly žurnalistleri göz öňünde tutýaryn. Men başda pakistanly žurnalistleriň näderejede ejir çekýändigi, ýagny urlup-ýenjilýändigi we käte öz işini ýerine ýetirende, hatda öldürilýändigi barada gürrüň beripdim. Soňky on ýyllykda 42 žurnalist wepat boldy.

Bu ýerde dürli taraplarda pidalar bar we, elbetde, biziň bilşimiz ýaly, pakistanly raýatlar hem bomba partlamalarynda heläk bolýarlar, käbir pakistanly harbylar hem hüjümlerde wepat bolýarlar. Uruşdan ejir çekýän adamlaryň ählisi urşuň pidalarydyr. Men mydama urşuň gidýän ýerinde habarçy bolup işleýärin we men mydama ejir çekýän pidalary görkezmek isleýärin, sebäbi biz urşuň öňüni almaga çalyşmaly we has gowy ýoly saýlamaly, ýurtlara hem adamlara ýetýän zyýanyň azalmagyny gazanmaly.

Şarlotta Gall: “Ýalňyş duşman” kitabymda men biziň tutuş göreşi ýalňyş alyp barýandygymyzy we göreşi meseläniň çeşmesine gönükdirmändigimizi gürrüň bermek isledim. Biz keseliň diňe daşky alamatlaryna çäre görýäris. Bu ýaragly we bombaly adamlaryň obalara aýlanmagy ýaly ýagdaýlara gönükdirilýär. Emma meseläniň esasy çeşmeleri, ýaşlary özüne çekip, [olary özüne] tabyn edýän medreselerde, olary türgenleşdirýän we radikallaşdyrýan lagerlerde we bu zatlaryň ählisine meçew berýän pakistan goşunynyň baş edarasynda ýatyr. Bu, elbetde, ”Al-Kaýdanyň” ýobaşçysy Aýman al-Zawahriniň henizem Pakistanda gizlenmegi bilen bagly meseläni hem öz içine alýar. Şeýlelikde iki ýurduň adaty raýatlaryna zarba urýan söweşleri togtatmak üçin şu çeşmeleriň ählisi babatynda çäre görmeli.

Azatlyk Radiosy: Siz Owganystanyň prezidenti Hamid Karzaýyň günbatar ýurtlary babatynda bildirýän nägilelikleri bilen ylalaşýandygyňyz barada aýdyp biljekmi? Ol hem şeýle zatlary aýdypdy.

Şarlotta Gall: Hawa, Karzaý hem muny uzak wagtyň dowamynda aýdyp gelýär we, meniň pikrimçe, owgan halky problemalaryň çeşmelerine üns berilmeýändiginden we olaryň çözülmeýändiginden, şeýle-de meselä çemeleşmekdäki ýalňyşlyklar zerarly şunça azabyň we urşuň dowam edýändiginden örän nägile.

Azatlyk Radiosy: Siz Çeçenistanda urşuň gidýän wagtynda ol ýerden habar beripdiňiz, soň Pakistandan we Owganystandan. Siziň urşuň gidýän ýerlerinde işlemek bilen bagly hem aýal maşgala, hem-de žurnalist hökmünde nähili tejribeleriňiz bar?

Şarlotta Gall: Men bu meselede aýal bolmagyň hiç hili tapawut etmeýändigine Çeçenistanda göz ýetirdim. Käbir adamlar uruş barada habar berip bilýär, käbirler muny edip bilmeýär. Käbir adamlar muny gowy görýär we maglumat toplap, makala ýazyp bilýär. Olar köp gorkup hem durmaýarlar we maglumat taýýarlaýarlar. Bu zatlaryň köpüsi guramaçylyga we tiz hem netijeli işlemeklige bagly. Men ençeme aýallaryň muny başarýandygyny gördüm we şeýle-de käbir erkekleriň menden we beýleki zenanlardan has gorkakdygyny we şol ýerlerde bolmak islemeýändigini gördüm.

Şarlotta Gall: Käbir halatlarda aýallar has kop problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar, käwagt tersine. Meselem, käwagt uruşda esgerler erkek žurnalistlere garanda, aýallar bilen özlerini has edepli alyp barýarlar. Şeýle-de musulman ýurtlarda aýal žurnalist bolmak has amatly bolýar. Sebäbi aýallar bilen duşuşmak, olaryň öýlerine barmak üçin has köp mümkinçilik döreýär, erkekler üçin şeýle mümkinçilik seýrek bolýar. Şeýlelikde gowy pursatlar döreýär.

Emma käbir halatlarda radikal mollalaryň medreselere goýbermezligi mümkin, “aýallara girmek gadagan diýip”. Onsoň käwagt erkek kärdeşlerimiň alyp bilen interwýulary meniň üçin elýeterli bolmandy. Diýmek, munuň iki ujy bar.

Azatlyk Radiosy: Doktor Mohammad Tagi siziň Kwettada medresede urlup-ýenjilendigiňiz barada gürrüň berdi.

Şarlotta Gall: Bu ýerde iki waka boldy – olar meniň myhmanhanadaky otagyma kürsäp girdiler we meni urdular, şonda gizlin gulluklaryň wekilleri meniň beren maglumatlarymdan nägile bolupdy.

Ol ýerde ýene bir waka boldy, men bu barada gürrüň beripdim. Men medresäniň daşynda awtoulagyň içinde oturdym, sebäbi olar maňa medresä girip, interýyu almaga rugsat bermändi. Şonda birnäçe oglan gelip, maşyny urup başlady. Men örän geň galypdym, sebäbi mederesede okaýan oglanlaryň örän terbiýeli we sypaýyçylykly bolmagyna garaşypdym, emma olar özlerini aýylganç alyp bardylar, olar şonda daşary ýurtly zenanyň ulagyň içinde oturandygyny görüp şeýtdilermi, ýa-da bilmedim ýene näme barada pikir etdiler, ýone şol zatlar örän gelşiksiz boldy. Belki Mohammad Tagi şol wakany göz öňünde tutup gürrüň berendir. Men şonda ulagyň içinde otyrdym we maňa zeper ýetmändi.

Bilşiňiz ýaly, zenan žurnalistler erkekler bilen deň derejede işlemeli bolýarlar. Men gyzykly bir zady belläsim gelýär, men mundan 20 ýyl ozal žurnalist hökmünde işläp başlalym bäri daşymda zenan žurnalistler köpeldi. Bu örän begendirýär, sebäbi, meniň pikirimçe, biz diňlemäge has ökde, bu bolsa işiň bir bölegi bolup durýar, şeýle-de biz berýän maglumatlarymyza örän çuňňur çemeleşýäris bu hem örän möhüm zät, şeýlelikde biz işi erkekler bilen deň derejede ýerine ýetirýäris. Men žurnalist bolmak isleýän islendik adama biziň muny edip bilýändigimizi aýdasym gelýär we men öz karýeramyň muny görkezýändigine umyt baglaýaryn.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG