Sepleriň elýeterliligi

Ses berişlik näme sebäpden kanuna ters geldi?


Referendum diýilýän ses berişlik, Donetsk, 11-nji maý, 2014.

Referendum diýilýän ses berişlik, Donetsk, 11-nji maý, 2014.

Ukrainanyň gündogaryndaky iki regionda referendum diýlip geçirilen ses berişligiň kanuna ters gelýändigini görkezýän subutnamalar köpelýär. AÝ/AR ýüze çykan galplyklar bilen bagly maglumatlara syn etdi.

Separatistler Ukrainanyň gündogaryndaky Lugansk we Donetsk regionlarynda 11-nji maýda özbaşdaklyk boýunça geçirilen referendum diýilýän ses berişlikleriň üstünlikli bolandygyny aýdýarlar. Şol bir wagtda-da ses berişlikler soraglary döredýär.

Mälim bolan zatlar:

-- Iş ýüzünde regionlaryň ikisinde-de ses berişligiň guramaçylary regionlaryň özbaşdaklygyna ilat tarapyndan güýçli goldaw bildirilendigini belläp, Donetskde ses berijileriň 89%-niň, Luganskda bolsa 96%-niň özbaşdaklygy goldandygyny aýtdylar.

-- Kiýew we günbatar döwletleriniň ençemesi ses berişligiň netijelerini ret etdiler we onuň kanuny däldigini aýtdylar.

-- Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Moskwanyň “adamlaryň erk-islegleriniň beýan edilmegine hormat goýýandygyny” aýdyp, Kiýewiň, Donetskiň we Luganskyň arasynda “siwilizlenen” gepleşikleriň geçirilmegine çagyrdy.

-- Ses berişlik zorluksyz geçmedi. Donetskyň Krasnoarmiisk şäherinde azyndan bir adamyň öldürilendigi habar berildi.

Ýetmezçilik edýän maglumatlar:

-- Hakykatda näçe adamyň ses berendigi belli däl. Separatistler regionlaryň ikisinde-de ses berijileriň referendum diýilýän ses berişlige ilatyň gatnaşyk derejesiniň 70% bolandygyny aýdýarlar. Donetskde we Luganskda Ukrainanyň ilatynyň umumy sanynyň 15%-i, ýagny çak bilen 7 million çemesi adam ýaşaýar. Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini wagtlaýynça ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow Luganskda ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň 24% Doneskde bolsa 32% bolandygyny aýtdy. Emma ýene-de jikme-jik maglumat berilmedi.

Şübhe üçin esaslar:

-- Ses berişlige şübhe döredýän meseleleriň biri onuň ýeňillik bilen geçirilmegidir. Taýýarlyklar bir aýdan hem az wagty aldy we, separatistleriň aýtmagyna görä, çykdajylar 1700 amerikan dollaryna hem ýetmedi.

-- Separatistler referenduma köp adamyň gatanaşandygyny aýdan hem bolsalar, regionlardaky žurnalistler ses berijileriň gatnaşyk derejesiniň pes bolandygyny, käbir ses berişlik nokatlarynyň bolsa asla boş durandygyny dokumentleşdirdiler.

-- Ses berijilere basyş hem edildi. Esasy ses berişlik nokatlarynyň ählisine diýen ýaly ýüzi nikaply ýaragly adamlar gözegçilik etdiler.

-- Ukrainanyň kanunlaryna görä, ses berişlik nokatlarynda saýlaw komissiýasy azyndan 9 adamdan düzülmeli, emma nokatlaryň eçnemesinde saýlaw resmileriniň sany üç adamdan geçmedi, olaryň hem käbirleri özlerinde saýlaw komissiýalarynda işlemek tejribesiniň ýokdugyny açyk gürrüň berdiler. Käbir saýlaw nokatlarynda ses berijileriň sanawy-da bolmady.

-- Býulletenleriň galplaşdyrylmagyna degişli ýagdaýlar hem ýüze çykdy. Ses berişligiň öňüsyrasynda Ukrainanyň harbylary Donetskiň golaýynda saklanan ýük ulagynda “hawa” diýip, öňünden bellenen 100 000 çemesi taýýar ses berişlik býulletenini ele saldylar.

-- Şol bir wagtda-da Pew barlag merkeziniň 8-nji maýda çap eden pikir soralyşygynyň netijeleri gündogar Ukrainanyň ilatynyň 70%-niň ýurduň bütewi saklanmagyny isleýändigini görkezdi.

Hakykata kepil geçip bolmaýar:

-- Referendum diýilýän ses berişlige hiç bir halkara gözegçisi syn etmedi. Ençeme žurnalistiň basyşlara sezewar edilendigi, käbirleriniň bolsa urlup-ýenjilendigi barada habar berildi. Käbir halatlarda suratçylara ses berişlik nokatlaryna girmek hem gadagan edildi.

Indi näme?

Uzak möhletleýin perspektiwada bolup biljek wakalar bu regionlaryň “doňdurylan konfliktleriň” ojagyna öwrülmegi bilen bagly bolup biler. Bu ýerde Ukrainanyň we separatistleriň strukturalarynyň saklanmagy ýa-da Moskwanyň iru-giç öz "parahatçylygy goraýjy goşun kontingentini serhetden aşyryp, Ukraina girmek maksady bilen bu ýerde zorlugy tutaşdyrmagyny dowam etdirmegi mümkin
XS
SM
MD
LG