Sepleriň elýeterliligi

Bişkek: 4 polisiýa wekili tussag edildi


Gyrgyzystanyň dört polisiýa ofiseri aýal zorlamak aýyplamasynyň esasynda daşary ýurtlylary gorkuzyp, pul talap etmek we beýleki jenaýatlar bilen baglylykda Bişkekde tussag edildi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň 13-nji maýda aýtmagyna görä, polisiýa ofiserleri daşary ýurtlylardan pul almak boýunça amala aşyran bu hilesi üçin 20 ýaşly bir zenany özüne ýaran edip ulanypdyrlar.

Derňewçiler bu zenanyň daşary ýurtlylar bilen Bişkegiň restoranlarynda duşuşyk gurnapdyr we soňra olary zorlamakda aýyplapdyr.

Polisiýa ofiserleri zorlamak işini ýatyrmak üçin bir daşary ýurt raýatyndan dan 900 amerikan dollaryny alan wagtynda tutuldylar. Polisiýa wekilleri gorkuzyp pul almakda, wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda we parahorlukda aýyplanýarlar.

Jenaýata gatnaşan zenan sorag edildi emma entek tussag astyna alynmady. Bu işe baş goşan adamlaryň atlary köpçülige mälim edilmedi.
XS
SM
MD
LG