Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB sanksiýalar sanawyny giňeldýär


Ýewropa Bileleşigi Ukrainadaky krizis bilen bagly sanksiýalaryny ýaýbaňlandyrýar.

Brusseliň bu ädimi Donetskde we Luhanskda Orsýete tarapdar separatistleriň Ukrainadan özbaşdaklygyny yglan edensoň we Donetskdäki separatistleriň öz-özüni yglan eden “respublikanyň” Orsýet Federasiýasynyň düzümine girmegi barada Moskwa ýüz tutansoň ädildi.

Separatistler 12-nji maýda eden bu ýüzlenmesinden bir gün öň referendum diýilip geçirilen ses berişlikde ses berijileriň regionyň garaşsyzlygyna uly goldaw bildirendigini yglan etdiler.

ÝB ses berişligiň netijelerini ret etdi.

Ýewropa geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompui 12-nji maýda Kiýewde eden çykyşynda şeýle diýdi: “Zorluk bes edilmeli. Kanunyň hökmurowanlygy güwä geçilmeli. Adam hukuklary berjaý edilmeli we syýasy talaplar ýaragly adamlar tarapyndan däl-de syýasatçylar tarapyndan öňe sürülmeli. Ykrar edilip bilinjek ýeke-täk ses berişlik 25-nji maýda boljak Ukrainanyň prezidentlik saýlawlarydyr”.

Separatistler 25-nji maýda Ukrainanyň prezidentini saýlamak boýunça ses berişligiň geçirilmejegini aýtdylar.

ÝB-niň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerine Aşton 25-nji maý saýlawlaryna islendik päsgelçiligiň indiki sanksiýalara getirjegini duýdurdy.
XS
SM
MD
LG