Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

19 gyrgyz raýaty Siriýada söweşýär


Gyrgyzystanyň resmileri ýurduň günorta Jalal-Abad regionynyň 19 ýaşaýjysy Siriýada yslamçy söweşiji toparlaryň düzüminde söweşýär, diýip hasap edilýändigini aýtdylar.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň resmileriniň 12-nji maýda AÝ/AR-na aýtmagyna görä, Türkiýäniň gizlin gulluklary Siriýada bolan üç gyrgyz raýatyny Jalal-Abada gaýtarmaga ýardam beripdir.

Jalal-Abadyň ýene bäş ýaşaýjysy şu aýda Siriýa gitmekçi bolanda tussag edilipdir.

Milli howpsuzlyk gullugynyň ozalky maglumatynda radikal yslamçy toparlar tarapyndan 70 çemesi gyrgyz raýatynyň hakyna tutulmagynyň çak edilýändigi we olaryň Siriýada hökümet güýçlerine garşy söweşmeginiň mümkindigi aýdylypdy.

Bu raýatlaryň ençemesiniň Gyrgyzystana gaýdyp gelendigi mälim.
XS
SM
MD
LG