Sepleriň elýeterliligi

Turçynow kommunistlere şübhe bildirdi


Ukrainanyň prezidenti wezipesini ýerine ýetirýän Oleksandr Turçynow ýurduň Adalat ministrliginden Kommunist partiýasynyň güman edilýän separatistik hereketlerine seretmegi sorady.

Ol eger şeýle hereketler subut edilse, partiýanyň sud tarapyndan gadagan edilmelidigini aýtdy. Turçynowyň 13-nji maýda parlamentde eden bu çykyşynda Kommunist partiýasynyň agzalarynyň separatist hereketleri barada köp maglumatyň bardygyny belledi.

"Kommunist partiýasynyň agzalarynyň separatistik we terroristik hereketleriň guramaçylygyna gatnaşygy barada köp maglumatlar we materiallar bar”, diýip Turçynow belledi.

Şeýle-de Turçynow Kommunist partiýasynyň lideri Petro Symonenkony Mariupol şäherinde azyndan 7 adamyň ölümine sebäp bolan çaknyşyklar barada “ýalan” we Orsýete tarapdar “propaganda” ýugrulan maglumatlary ýaýratmakda aýyplady.
XS
SM
MD
LG