Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýete garşy sanksiýalary giňeltdi


ÝB-e syýahat etmek üçin wiza gadagançylygy we emläkleriniň doňdurylmasy girizilen adamlaryň sany 61-e ýetdi
ÝB-e syýahat etmek üçin wiza gadagançylygy we emläkleriniň doňdurylmasy girizilen adamlaryň sany 61-e ýetdi
Ýewropa Bileleşigi sanksiýalaryň gerimini giňeldip, sanawyň düzümine ýene-de 13 sany adamy we düýbi Krymda ýerleşýän iki sany kompaniýany girizdi.

Munuň netijesinde ÝB-e syýahat etmek üçin wiza gadagançylygy we emläkleriniň doňdurylmasy girizilen adamlaryň sany 61-e ýetdi. Olaryň arasynda Russiýadan, gündogar Ukrainadan we Krymdan käbir adamlar bar.

ÝB-niň giňeldilen sanawyna Russiýanyň Krymy anneksiýa etmegine dahyly bolan resmiler, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putiniň Diwanynyň başlygynyň birinji orunbasary Wýaçeslaw Wolodin, Russiýanyň desant goşunlarynyň ýolbaşçysy Wladimir Şamanow, Dumanyň Konstitusion hukuk boýunça komitetiniň başlygy Wladimir Pligin, Krymyň Federal Migrasiýa gullugynyň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji Pýotr Ýaroş dagy hem bar.

Bu sanawda gündogar Ukrainadaky orsparaz seperatistleriň liderleri, şol sanda öz-özüni Slawýansk şäheriniň häkimi diýip yglan eden Wýaçeslaw Ponomarýew, Donetskdäki ýaragly seperatistleriň ýolbaşçysy Igor Miholaýewiç Bezler, öz-özüni “Donetsk halk respbulikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasy” diýip yglan eden guramanyň başlygy Roman Lýahin hem bar.

ÝB-niň sanksiýalar sanawyna düýbi Krymda ýerleşýän iki kompaniýa hem düşdi. Olar "Çernomorneftgaz" we "Feodosiýa". Ukrainanyň bu iki kärhanasy Russiýa Krymy basyp alansoň, öz-özüni Krymyň “resmi häkimiýetleri” diýip yglan eden adamlar tarapyndan eýelenipdi.

"Ses berişlik ykrar edilmez"

Rus hökümeti 11-nji maýda geçirilen referendumyň netijeleriniň “siwilizlenen görnüşde berjaý edilmelidigini” nygtap, Kiýewdäki ukrain resmilerini separatistler bilen gepleşiklere geçmäge çagyrdy.

Ukrainanyň prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Oleksandr Turçynow 12-nji maýda çykyş edip, Donetskde we Luganskda geçirilen ses berişlikleri “hile” diýip atlandyryp, olaryň hiç hili kanuny esasynyň ýokdugyny hem nygtady.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý (Herman Van Roumpuý) 12-nji maýda Kiýewde Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk bilen geçiren duşuşygynda şeýle çykyş etdi: “Gazaplylyk duruzylmaly. Kanunyň hökmürowanlygy kepillendirilmeli. Adam hukuklary goralmaly. Şeýle-de syýasy talaplar harby güýç bilen däl-de, syýasy ýol bilen öňe sürülmeli. Ykrar ediljek ýeke-täk saýlawlar 25-nji maýda geçiriljek [Ukrainanyň] prezidentlik saýlawlarydyr”.

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow Ukrainadaky krizisi çözmek üçin separatistleriň liderleriniň hem özara gepleşiklere goşulmagynyň gerekdigini belledi.
XS
SM
MD
LG