Sepleriň elýeterliligi

Şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry Şiraly Nurmyradyň goşgulary.

Saralan ýaprak

Dogduk depesini terk eden adam –
Şahadan üzülip, saralan ýaprak.
Göwräňi-hä gizläp bolýa eşikde,
Maňlaýyň garasyn näm bilen ýapjak?

Asman tanyş ýaly, zeminde gep bar,
Ýekeje-de tanyş ýoda görnenok.
Garbap alyp, ýüze sylan diplomyň
Bu ýerlerde hiç zatça-da görlenok.

Alymmy sen – al eliňe subsäni,
Tozanam turuzma, harman sowraňok.
Göwräň bir hepdede şeýle çekiler –
Türkmen aýtmyş: "Öz-özüňi gowraňok".

Garga sürüsi deý ajy habarlar
Depäňde pyrlanýa, geçip gidenok.
Ezizleriň yz-yzyna gidip dur,
Aglamakdan başga hiç zat edeňok.

Ne ornuna süýnýäň, ne-de gapdalna,
Ýeriň ol ujundan ötünç soraýaň.
Ondan galan ýagşy ýatlamalary
Merhumyň özünden mäkäm goraýaň.

Olar gidýä seniň ýoluňa garap,
Bilip ýatyr gaýdyp daň atmajagny.
Hem kimiň alysdan ýetişjegini,
Haýsy goňşyň bir pil gum atmajagny…
2006 ý.

Matal

Müň sowaly şänik deýin döwsegem,
Bir matalyň çözgüdini bilemzok:
Neçün başda adam ýaly duşýas-da,
Hoşlaşykda haýwança-da bolamzok?

Ýürek bulamanam gitse bolýar-a,
Hökmanmy yzyňdan nälet okatmak!
Utuk bir zat, ýeňiş düýpden başga zat,
Nämä gerek jeň ýatansoň ok atmak?

Bir ädimmiş söýgi-ýigrenç arasy,
Emma juda giň görünýä ol ädim.
Wadalar, kasamlar, posalar, näzler…
Ýel äkiden ýaly bolaýýa nädip?

Ýaňy-ýaňam dodak ýakan ýaňagy
Indi nädip şarpyk beter gyzdyrýa?
Nämüçin pökgi deý oýnalan ykbal
Söýgä öz gabryny özi gazdyrýa?

Bolmajagy başdan belli dälmidi,
Belki, şonuň üçin ýaramyz ýeňil…
Garşydaşyň naçar bolsa – erkek bol:
Galdyr ak baýdagy, ýesir düş, ýeňil!
2006 ý.
XS
SM
MD
LG