Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Pakistan-Owganystan: Hüjümde 10 adam öldi


Pakistan-Owganystan araçäginiň golaýynda Birleşen Ştatlaryň pilotsyz uçarlarynyň amala aşyran howa zarbasynda söweşiji diýlip güman edilýän 10 adam öldürildi we başga-da 14 sanysy ýaralandy.

Haýber etrabynyň Bara atly sebitindäki ýerli resminiň beren maglumatyna görä, hüjümde Owganystanyň Nazian etrabyndaky söweşijiler nyşana alnypdyr. Gürrüňi edilýän bu territoriýa “Pakistanyň Talyban” hereketiniň we “Laşkar-e Yslam” toparynyň söweşijileri üçin özboluşly berkitme bolupdy.

Haýber tire-taýpalar etrabyndaky syýasy dolandyryş edarasynyň resmileriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, pilotsyzdygy öýdülýän uçarlar üç raketa atypdyrlar.

Han gürrüňi edilýän hüjümde sebitdäki “Pakistanyň Talyban” hereketine degişli ähli söweşijileriň öldürilendigini ýa-da ýaralanandygyny aýtdy.

Bu hüjüm barada Pakistanyň ýa-da Owganystanyň “Talyban” hereketinden henize çenli köpçülige maglumat berilmedi.

Soňky maglumatlara görä, Pakistanda gadagan edilen “Laşkar-e Yslam” toparynyň lideri Mangal Bagyň gürrüňi edilýän sebitde gizlenýändigi çaklanylýar.
XS
SM
MD
LG