Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkiýe üç günlük ýas yglan etdi


Türkiýäniň günbataryndaky kömür käninde bolan partlamada we ýangynda ölen 200-den gowrak adamyň hatyrasyna türk hökümeti ýurtda üç günlük ýas yglan etdi.

Resmiler bu wakada azyndan 205 magdançynyň ölendigini we başga-da ýüzlerçesiniň kömür käninde gysylyp galandygyny aýdýarlar.

Türkiýäniň energetika ministri Taner Ýyldyzyň aýtmagyna görä, partlamanyň bolan pursady ýerzeminde 787 magdançy işleýär eken.

13-nji maýda Izmir şäheriniň 120 kilometr demirgazyk-gündogaryndaky Soma käninde bolan partlamadan soň, ýerzemindäki liftler döwüldi.

14-nji maýda ýurduň halas ediş toparynyň işgärleri kömür käninde gysylyp galan magdançylary diri saklamak üçin ýerzemine nasos arkaly kislorod geçirdiler.
Bu aralykda müňlerçe magdançy we olaryň maşgala agzalary ýerli keselhananyň daşyna üýşdiler.

Bu waka sebäpli Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdogan Albaniýa etjek saparyny goýbolsun etdi.
XS
SM
MD
LG