Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýa: Özbek, täjik tussaglary gozgalaň turuzdy


Russiýanyň Sibirdäki Omsk şäheriniň jeza beriş koloniýasynda saklanylýan özbek we täjik tussaglar 13-nji maýda gozgalaň turzandyklaryny aýdýarlar. Muny etmek bilen olar tussaglykdaky täjigistanly migrant işçiniň öldürilmeginiň derňelmegini talap etdiler.

Tussaglaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, 6-njy belgili jeza beriş koloniýasynda geçirilen gozgalaňa aglabasy özbeklerden we täjiklerden ybarat merkezi aziýaly takmynan 100 tussag gatnaşypdyr.

Olar täjigistanly tussag Bekzod Otaboboýewiň türme sakçylary tarapyndan gynamalara sezewar edilendigini öňe sürýärler.

Türme resmileri bolsa gynamalary we koloniýada gozgalaňyň bolandygy baradaky maglumatlary ret edýärler.

Muňa garamazdan, tussaglaryň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, gozgalaňyň yz ýany jeza beriş koloniýasynyň dolandyryjylary merkezi aziýaly tussaglary “uýgunlaşma bloklary” diýip atlandyrylýan bölümlere geçirmek baradaky netijä gelipdirler. Olar gürrüňi edilýän bölümde sakçylar tarapyndan tussaglara ýaramaz daralýandygyny aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG