Sepleriň elýeterliligi

​Gürjüstan iýunda ÝG paktyna gol goýýar


Gürjüstan Ýewropa Bileleşigi bilen söwda we syýasy pakta 27-nji iýunda Brýusselde gol goýýar.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuý (Herman Van Roumpuý) Gürjüstanyň premýer-ministri Irakli Garibaşwili (Irakli Gharibashvili) bilen Tbiliside geçiren gepleşiklerinden soň, bu barada 14-nji maýda yglan etdi.

Beýanatda Wan Rompuý Gürjüstan bilen Assosiasiýa ylalaşygyna gol goýmaklygyň “möhüm başlangyç nokady” boljakdygyny aýtdy.

“Gürjüstan bu ýoly saýlap almak bilen özüniň güýçli demokratik gurluşa bolan yhlasyny, raýatlarynyň hukuklaryna bolan hormaty we kanuçylyk düzgünini berk goramagy görkezýär” diýip, Rompuý aýtdy.

Şeýle-de, ol: “Gürjüstan öz islegini özi saýlap almaly azat, demokratik ýurtdur. Daşardan edilýän hiç bir basyş muny üýtgetmeli däl” diýdi.

Gürjüstan bilen Ýewropa Geňeşiniň arasyndaky pakta iş ýüzünde noýabr aýynda Wilniusda geçirilen “Gündogar Hyzmatdaşlygy” sammitinde ylalaşyga gelnipdi.
XS
SM
MD
LG