Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Türkmen talyplarynyň kynçylyklary


Talyp gyzlar taksa münjek bolýar.
Talyp gyzlar taksa münjek bolýar.
Täze Tolkun ýaşlar gepleşiginde goňşy Özbegistanda ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynyň kynlaşdyrylandygy barada maglumat taýýarladyk. Ýagny, Özbegistanyň prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol goýlan karara laýyklykda, ýokary okuw jaýyna giriş synaglary kynlaşdyryldy. Özbegistanyň "Respublikanyň ýokary okuw jaýlaryna talyplary kabul ediş tertibine goşmaçalar" hakyndaky kararyna görä, ýokary okuw jaýyna girmek isleýänler üçin synaglarda daşary ýurt dili boýunça berilýän sowallaryň sany 59-a ýetirildi. Mundan öň bu soraglar 35 sanydy.

Şeýle-de, aşgabatly Öwez Türkmenistandaky ýaşlaryň ýokary okuw jaýyna ýerleşensoň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada gürrüň berdi.

Ýokary bilimini Türkiýede dowam etdirýän owganystanly türkmen Sahy Baýramly bilen bolsa, Türkiýäniň käbir ýokary okuw jaýlaryndaky talyplar tarapyndan bellenilip geçilýän “Inek”, ýagny “Sygyr” baýramy barada gürrüň etdik.

Täze Tolkun gepleşigini doly diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň. Garaýyşlaryňyzy teswir bölüminde galdyryp bilersiňiz.
please wait

No media source currently available

0:00 0:28:00 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG