Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Kabul: Saýlaw netijeleri soňa goýuldy


Owganystanyň saýlaw resmileri geçen aý geçirilen prezidentlik saýlawlarynyň birinji tapgyrynyň soňky netijelerini yglan etmegi soňa goýdular.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasynyň metbugat wekili Nur Muhammet Nuryň beren maglumatyna görä, ýolbaşçylara 5-nji aprelde geçirilen ses berişikdäki galplyklar baradaky şikaýatlaryň soňky jemleri heniz hem gelip gowuşmandyr.

Owgan saýlawlarynyň soňky netijeleriniň yglan ediliş çäresi bir ýa-da iki gün soňa goýuljaga çalym edýär. Owganystanda iň köp ses alan iki kandidatyň arasynda prezidentlik saýlawlarynyň gaýtadan geçirilmegine garaşylýar. Sebäbi ýurtda geçirilen saýlawlarda kandidatlaryň hiç biriniň doly prezidentlik wezipesini ýerine ýetirmegi üçin zerur hasaplanylýan 50%-den köp sesi almandygy çaklanylýar.

Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy tarapyndan ýaýradylan bölekleýin netijelere görä, saýlawlarda ýurduň öňki daşary işler ministri Abdullah Abdullah öňde barýar.
XS
SM
MD
LG