Sepleriň elýeterliligi

Kosmonawtlar ýere dolandylar


ABŞ-nyň astronawty Rik Mastrakkio, Gazagystan, 14-nji maý, 2014

ABŞ-nyň astronawty Rik Mastrakkio, Gazagystan, 14-nji maý, 2014

Üç kosmonawtdan ybarat topar ýarym ýylyny kosmosda Halkara kosmos stansiýasynda geçirensoň, ýere gaýdyp geldi. Şol bir wagtda-da Orsýet bu halkara orbita stansiýasynyň geljegini sorag astynda goýýar.

“Soýuz” kosmiki gämisi 14-nji maýda Gazagystanyň çölünde Jezkazgan şäherinden 150 kilometr uzaklykda gonup, orsýetli Mihail Týurini, amerikaly Rik Mastrakkiony we ýaponiýaly Koiçi Wakatany ýere düşürdi.

Kosmonawtlar Ýer şaryndan 418 kilometr beýiklikde, orbitada ýerleşýän kosmiki stansiýada 188 güni geçirdiler.

Moskwanyň Missiýa gözegçilik boýunça regional merkezi astronawtlaryň ýere gelen badyna medisina barlagyndan geçendiklerini we olaryň “ählisiniň özlerini gowy duýýandygyny” aýtdy.

Halkara Kosmos stansiýasynda häzir üç kosmonawt galýar. Ýene üç kosmonawt 28-nji maýda stansiýa üçmaga taýýarlyk görýär.

Hyzmatdaşlygyň geljegi sorag astynda

Kosmonawtlaryň ýere gelmeginden bir gün öň Orsýetiň premýer-ministriniň orunbasary Dmitriý Rogozin Moskwanyň Halkara kosmos stansiýasyny 2020-nji ýyldan soň ulanmak niýetiniň ýokdugyny aýtdy.

Ol Orsýetiň kosmosdaky serişdeleriň 2020-nji ýyldan soň nämä gönükdiriljegi barada şu tomusda jikme-jik maglumat berjekdigini aýtdy.

13-nji maýda edilen bu beýannama Ukrainanyň daşyndaky dartgynlylyklaryň we ABŞ-nyň orsýetiň resmilerine garşy sanksiýalarynyň dowam edýän wagtynda edildi.

Rogozin Moskwanyň “bar zady syýasylaşdyrýan” “ynamdar bolmadyk partnýorlar” bilen ösen tehnologiýalara degişli proýektleri dowam etdirmekden aladalanýandygyny aýtdy.

Rogozin Kosmos stansiýasynyň Orsýete degişli böleginiň “özbaşdak hereket edip bilýändigini”, emma amerikan böleginiň “Orsýetsiz bolmaýandygyny” belledi.

NASA habarsyz

ABŞ-nyň NASA kosmos agentligi kosmosa degişli hyzmatdaşlyk boýunça üýtgeşikligiň planlaşdyrylmagy barada Orsýet tarapyndan özüniň habarly edilmändigini aýtdy.

ABŞ-nyň kosmos agentligi (NASA), öz kosmiki uçuşlaryny ýatyransoň, Halkara kosmos stansiýasyna geçirýän uçuşlary üçin Orsýetiň “Soýuz” kosmiki gämilerinden peýdalanýar.

NASA astronawtlary kosmos stansiýasyna aşyrmak işinde ýakyn ýyllarda hususy kompaniýalaryň bu ugurdan zerur bolan raketalary we kapsulalary döretmäge ukyply boljakdygyna umyt bildirdi
XS
SM
MD
LG