Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Şor obasyndaky gözgynylyklar


Aşgabadyň alkymynda, Garagum kanalynyň gaýrasynda ýerleşýän Şor obasy 1960-njy ýyllarda, hökümetiň karary bilen ulaldylyp başlandy.

Bu günki gün bu oba ýaýrawy giň, uly obalaryň biri hasaplanýar. Şonuň bilen bir wagtda, Şor obasynyň adamlary uly çykdajy edip, gowy jaýlary gurmaga çalyşýarlar.

Emma, döwlet tarapyndan käbir işleriň edilýändigine, mekdep, çagalar bagy üçin täze binalaryň gurlandygyna, uly ýoluň çekilendigine garamazdan, oba adamlarynyň ýersaty suwlarynyň barha ýokary galmagyndan uly alada galýandygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosyna gowşan habara görä, ýagyş-ýagmyr köp bolsa, olaryň jaýynyň aşagyndaky ýerasty suwlar has ýokaryk galýar we umuman obanyň durmuş-ýaşaýyş şertleri döwrüň talabyndan gaty yzda galýar.

Azatlyk Radiosy bu oba barada gürrüň bermegini sorap, aşgabatly synçy Nurberdi Nurmämmedowa telefon etdi.
please wait

No media source currently available

0:00 0:03:27 0:00
Ýükle
XS
SM
MD
LG