Sepleriň elýeterliligi

​A.Bugaýew: “Giden oba ýekeje lukman bar”


Türkmenistandaky obalaryň biri.

Türkmenistandaky obalaryň biri.

Türkmenistanda şäherleriň, esasanam paýtagt Aşgabadyň durkuny düýp göter täzelemek boýunça işler alnyp barylýar. Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda öňden bar bolan obalardaky problemalara ýeterlik derejede üns berilmeýändigi aýdylýar.

Şeýle obalardan käbirleri hem Balkan welaýatynda ýerleşýär. Ýagny bu welaýatyň käbir obalarynda takmynan 100 kwadrat kilometr aralykdaky territoriýanyň ýaşaýjylary üçin diňe bir maşgala lukmany berkidilipdir. Üstesine, şol obalarda telefon aragatnaşygy hem kadaly ýola goýulmandyr.

Türkmenistanly synçy Amanmyrat Bugaýew dogduk mekany bolan şol obalardan käbirlerine sapar etdi we ol ýerdäki saglyk hyzmatlary barada Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi. Söhbetdeşligi diňlemek üçin aşakdaky düwmä basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG