Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Slowýanskda üç hepde zamunlykda


Ukrainaly žurnalist Sergeý Lefter.
Ukrainaly žurnalist Sergeý Lefter.
Polşanyň hökümete degişli bolmadyk guramasynda işleýän ukrainaly žurnalist Sergeý Lefter öz-özüni döwlet diýip jar eden "Donetsk halk respublikasynyň" Slowýansk şäherindäki orsparaz pitneçiler tarapyndan üç hepde ýesirlikde saklanyldy.

Lefter 6-njy maýda azatlyga goýberilenden gysga wagt soň, Azatlyk Radiosynyň Rus gullugynyň habarçysy Dmitriý Wolçoga özüniň agyr başdangeçirmeleri barada gürrüň berdi.

Azatlyk Radiosy: Siz bize özüňizi zamunlykda saklan adamlar barada gürrüň beräýseňiz? Olar hakykatdan hem sizi içaly diýip pikir etdilermi?

Sergeý Lefter:
Ilkibada olar hakykatdan hem meni güman etdiler. Olar biziň ählimizi güman etdiler. Olar biziň käbirimiziň "Right Sector", ýagny "Sagçy sektor" milletçi syýasy hereketiň agzasy ýa-da "Banderowçylar" diýip pikir edýärdiler. Hususan-da, eger Dnepriň sag kenaryndan bolsaň, şübheler artýardy. Olar ähli adamalardan, aýratyn-da ýerli ýaşaýjy bolmasaň, [içalydyr öýdüp] güman edýärdiler.

Soňra olar seni derňäp başlaýarlar, sorag edýärler. Olar dokumentleri örän dykgatly barlaýarlar. Meniň meselämde, olar içaly diýip güman edenleri sebäpli meni tussag etdiler. Men Donetskde bolup geçýän wakalar barada "Open Dialogue foundationdaky" kordinatoryma maglumat ugradýardym. Soňra, ýagny sorag edilen döwrüm, soraglardan olaryň meniň žurnalistdigimi bilýändigini aýdyp boljak. Ýöne olar "Sagçy sektor" bilen ilteşigi bolup biljek käbir maglumatlary tapmaga synanyşýardylar.

Olar meniň žurnalistdigimi bilýändiklerine garamazdan, men barada sosial mediada çykan maglumatlary gözden geçirip başladylar we meniň Maýdan protestleri döwründe şol ýerde bolandygymy gördüler. Bu-da, eger olaryň gözünden seretseň, ýaramaz zat diýip hasaplanylýardy. Ynha, şeýle zatlar boldy.

Azatlyk Radiosy: Olar žurnalistlere çalarak daraýardylarmy?

Sergeý Lefter:
Olar žurnalistleri o diýen urup-ýençmeýärler. Iň azyndan beýlekiler bilen deňeşdireniňde, olar žurnalistlere gowrak garaýardylar. Bu diýdigim olar bize gowy çemeleşdiler diýdigim däl. Bir adamy zamunlykda saklamagyň özi hem ýaramaz zat. Ýöne olaryň başgalara nähili daraýandygy bilen deňeşdireniňde, bize garşy özlerini alyp baryşlary gowrakdy. Emma olaryň meni birnäçe sapar urup-ýenjenligini aýdasym gelýär.

Azatlyk Radiosy: Bize saklanan ýeriňizdäki şertler barada biraz gürrüň beräýseňiz?

Sergeý Lefter:
Meni ýerzeminde sakladylar. Onda üç otag bardy. Elbetde, biz ýerde uklaýardyk. Ol ýerde eýýäm uzak wagtdan bäri saklanylýanlara ýasama krowatda uklamaga rugsat berilýärdi. Biz şol ýasama krowatlary olaryň bize beren käbir ýyly egin-eşiklerinden we gapylardan ýasapdyk. Öňden bäri zamunlykda saklanylýanlar şol krowatlarda uklaýardylar.

Biziň uklaýan ýerimiz şol ýerdäki iň uly otagdy. Ol ýere täzelikda tutulyp eltilenleriň ählisi diňe oturgyçda oturyp uklaýardy. Ilkibada men hem tagtadan ýasalan gapyrjaklaryň üstünde dik oturyp diýen ýaly uklamaly boldum. Elbetde, onda uklamak sowuk bolýardy. Hemme zatdan daşgary ol jaý ýerzemindedi. Olar bize daşary çykmaga rugsat bermeýärdiler. Hajathana daşarda ýerleşýärdi.

Şeýlelikde, hajathanany ulanmak üçin rugsat soranyňda, daşary çykyp, bir salym gezmeläp, we arassa howadan dem alyp bolýardy. Ol ýerde eýýäm uzak wagtdan bäri saklanylýanlar, ýagny men we başga-da birnäçe adam tämizlik işlerini etmek üçin ýerzeminden daşary alnyp gidilýärdi.

Olar bize zorluk edenokdylar, olar gelip diňe "Hany eliňi ber!" diýýärdiler. Bu haýyşdy, ýöne ol bize buýruk ýaly berilýärdi. Biz ýerzeminiň daşyna çykýardyk, hapa-hupalary toplaýardyk we bag-bakjany arassalaýardyk. 10-20 minutlyk bolsa-da, biz arassa howadan dem alýardyk we töwerekde gezmeleýärdik. Bu biziň üçin bir artykmaçlykdy.

Azatlyk Radiosy: Size berlen iýmitler barada näme aýdyp bilersiňiz?

Sergeý Lefter:
Olar bizi günde iki sapar iýmitlendirýärdiler, käwagt aş ýa-da çorba, ýa-da borş naharyny berýärdiler. Bizi saklaýan ýerleri sowuk bolany sebäpli olar bize yzygiderli gyzgyn çaý berýärdiler. Aradan birnäçe wagt geçensoň, ýerzeminde uzak wagtdan bäri saklanylýan ýerli ýaşaýja dogan-garyndaşlaryndan azyk serişdeleri gelip başlady. Elbetde, bu hem bize kömek etdi. Sebäbi ol şol iýmitleri hemmämiz bilen paýlaşýardy we biziň ählimiz bilelikde iýýärdik.

Azatlyk Radiosy: Sizi zamunlykda saklanlar barada näme aýdyp bilersiňiz? Olar kimlerdi?

Sergeý Lefter:
Meniň bilşime görä, olaryň arasynda mundan öň ýurduň harby gullugynda işlän harby adam bar. Şeýle-de olaryň arasynda ýarag ulanmagy başarýan adaty adamlar hem bar. Olaryň nähili-de bolsa bir ynançlary, ideologiýalary bar we, elbetde, olar ýaragly bolansoňlar, özlerini birneme güýçli duýýarlar. Olaryň strukturasy bar. Olaryň harbylardygyny nazara alanymyzda, strukturalarynyň bolmagy hem adatymyka diýýärin. Olar buýruk berýärler we olara gulak asylýar. Ol ýerde baş-başdaklyk ýok. Ähli zat berk harby düzgün-nyzamly.

Azatlyk Radiosy: Olaryň arasynda ruslar barmydy?

Sergeý Lefter:
Düýbünden ýok. Men Orsýetden prowokatorlaryň we beýleki toparlaryň şol sebite barandygy barada käbir maglumatlar eşitdim. Ýöne, meniň bilşime görä, olaryň zamunlar bilen işleri ýok. Ýerzeminde [ruslardan] hiç kimiň göze ilmändigini men anyk aýdyp biljek we men ol ýerde [ruslardan] hiç kimi görmedim.

Elbetde, bir adam ýüzüne maska geýmedik bolsa hem, ýüzüne seredip, onuň orsýetlidigini ýa-da däldigini anyk aýdyp bolmaýar. Ýöne men adamlaryň gepleşiklerinden eşidişime görä, ýerzeminde Russiýadan hiç kimiň bolmandygyny anyk aýdyp bilerin. Olaryň ählisi ýerlilerdi. Olaryň aglabasy ýerlilerdi we galanlary hem Ukrainanyň beýleki künjeklerindäki şäherlerdendi. Belki, Donetskde Russiýanyň harby aňtaw gullukçylary, prowakatorlary bardyr. Ýöne men ol adamlaryň etmeli başga wezipeleri barmyka diýýärin.

Azatlyk Radiosy: Ol ýerde "Sagçy sektor" hereketiniň iki aktiwisti bardy. Olar siziň bilen bir wagtda zamunlyga alnyp gidilip, soňra-da öldürilipdiler. Siz olar bilen gürleşipmidiňiz?

Segeý Lefter:
Hawa. Olara size hiç zat bolmaz diýlip, wada berlipdi. Ýöne, gynansak-da, soňra... Olar gijäň bir mahaly alnyp gaçylyp, biziň bolýan ýerimize getirilipdiler. Olar özleriniň "Sagçy sektor" hereketindendigini kabul edipdiler. Olar özleriniň mundan öň hem sorag edilendikleri barada gürrüň beripdiler. Takmynan bir gün soň olar näbelli ýere alnyp gidilipdiler. Soňra men şol iki ýaş adamyň ýerli deputat Wolodymyr Rybak bilen bilelikde öldürilendigini eşitdim.
XS
SM
MD
LG