Sepleriň elýeterliligi

Moskwa tatarlaryň agzyny alartmaga çalyşýar


Krym tatarlary Moskwanyň Ukrainanyň Gara deňiz ýarymadasyny anneksiýa etmegine garşy durmagy dowam etdirensoň, Kreml, Orsýetdäki durmuşyň beýle erbet däldigine ynandyrmak üçin, Tatarystan respublikasynyň resmilerine bil baglaýar.

Şu hepdäniň ahyrynda (18-nji maýda) Kazanda aktiwistleriň kiçiräk topary we ýerli ýaşaýjylar toplanyp, krym tatarlarynyň 1944-nji ýylda Iosif Stalin tarapyndan ýaşap oturan ýurdundan sürgün edilmeginiň 70 ýyllygyny bellär.

Wideo: Sürgün ýatlamalary

1944-iň sürgüni

Kazanda, Gyzyl goşunyň 200 müňden gowrak krym tatarynyň daşyny gabap, olary mal daşalýan wagonlara ýükläp, Orsýetiň we sowet Merkezi Aziýasynyň gyrak-bujaklaryna sürgün etmeginiň ýyl dönümine gabatlanýan ýygnanyşyga Tatarystanyň Kremle tarapdar häkimiýetleri gatnaşmaz.

Orsýetiň Tatarystan respublikasynyň paýtagtyndaky kiçijik çäre, bir tarapdan, iki tatar jemgyýetiniň arasyndaky gatnaşyklaryň nähili çylşyrymlydygyny görkezse, ikinji tarapdan, Kremliň bu ýagdaýy Kazandaky ygrarly resmileri ulanmak arkaly, krym tatarlarynyň Moskwa ykrar edilmedik anneksiýa meselesinde görkezýän garşylygyny gowşatjak bolup, has-da çylşyrymlaşdyrýandygyny aňladýar. Mälim bolşy ýaly, Moskwa mart aýynda Ukrainanyň Krym sebitini anneksiýa etdi we krym tatarlary muňa garşy boldy.

"[Rus häkimiýetleri] häzir krym tatarlaryny toplamak boýunça işjeňlik görkezýärler, emma bu netije bermeýär" diýip, krym tatarlarynyň lideri Mustafa Jemilew 5-nji maýda Kiýewde geçen konferensiýada aýtdy. "Şu sebäpden olar Kazandan, kazan tatarlaryny getirýärler. Bilşiňiz ýaly, Krymda iň uly tatar premýer-ministriň orunbasary, onuň ady Rustam Temirgaliýew."

"Olar bizi iki bölmek synanyşyklaryny dowam etdirýärler" diýip, Jemilew sözüniň üstüni ýetirdi.

Jemilew aprel aýynda Azatlyk we Azat Ýewropa radiosyna beren interwýusynda Tatarystandaky häkimiýetler «Orsýetde hemme zadyň gowudygyny wagyz edýän we krym tatarlary üçin Orsýetiň bir bölegi bolmagyň gowy boljagyny aýdýan esasy propagandaçylar hökmünde hereket edýärler» diýdi.

"Agzyny alart-da, höküm sür"

Kazanda ýaşaýan syýasy synçy Raşit Ahmedow Kreml kazan tatarlaryny gadymdan gelýän «agzyny alart-da, höküm sür» strategiýasyny amala aşyrmak üçin ulanýar diýýär.

Moskwa anneksiýadan ozal hem Tatarystanyň resmilerini krym tatarlarynyň arasyndaky raýdaşlygy gowşatmak üçin ulanmaga çalyşýardy. Sebäbi olar öz geljeklerini Kiýewiň düzüminde görýärdiler we ukrain hökümetiniň ýewropa integrasiýasy syýasaty netijesinde, özleriniň azlyk hökmündäki hukuklarynyň has gowy berjaý edilmegine bil baglaýardylar. Ukraina, Orsýetiň musulman ruhanys Rawil Gainutdin (Ç) Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow (O) bilen, Kymdaky tatar gurultaýynda. 29-njy mart, 2014

Ukraina, Orsýetiň musulman ruhanys Rawil Gainutdin (Ç) Tatarystanyň prezidenti Rustam Minnihanow (O) bilen, Kymdaky tatar gurultaýynda. 29-njy mart, 2014

Tatarystanyň Kremle tarapdar prezidenti Rustam Minnihanow martyň başynda, Kremliň ýarymadanyň tatar jemgyýetçiliginiň göwnüni awlamaga gönükdirilen tagallalarynyň çäginde, Kryma iki gezek sapar etdi. Şonda onuň krym tatarlarynyň Mejlisiniň wekilleri bilen bolan duşuşygy iki tatar jemgyýetiniň arasynda ýigrimi ýylda geçirilen ilkinji resmi duşuşyk boldy.

Mundanam başga, Moskwa şol günlerde krym tatarlarynyň diline resmi durum bermek, tatarlaryň hökümetdäki wekilçiligi üçin kwota bermek, mejlise kanuny durum bermek ýaly eglişikleri teklip etdi.

Emma bu tagallalar umuman netije bermedi.

Haçanda Tatarystanyň halk aýdymçylar topary Kryma konsert bermäge gelende, olary diňlemäge gelen krym tatary gaty az boldy. Şeýle konsertleriň biri bolsa, Orsýetiň bir harby bazasynyň ýarym boş binasynda boldy.

Barha berkeýän garşylyk

Mejlis Minnihanow bilen duşuşukdan biraz soň tatarlary Krymyň garaşsyzlygy baradaky dawaly referendumy boýkot etmäge çagyrdy. Bu Orsýetiň Krymy ele geçirmegine bolan aýgytly garşylygyň alamatydy we ol şondan soňky hepdelerde gitdigiçe güýçlenmek bilen boldy.

Ýarymada Orsýet tarapyndan anneksiýa edileli bäri krym tatarlarynyň jemgyýetçiligi bilen Krymyň de fakto häkimiýetleriniň arasyndaky gatnaşyklar, region prokurorynyň şu hepdäniň başynda Mejlisi ekstremist guramasy hökmünde gadagan etmek haýbaty bilen, mazaly sowady.

Jemilewiň Orsýete, şol sanda Kryma girmegi bäş ýyllap gadagan edildi. Krymyň de fakto häkimiýetleri tatar jemgyýetçiligine, 18-nji maýdaky hatyra günlerini bellänlerinde, syýasatdan daş durmak barada görkezme berdiler.
XS
SM
MD
LG