Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Russiýada goşa raýatlyk barada kanun kabul edildi


Russiýanyň Döwlet Dumasy iki raýatlygy bolan ruslara ikinji raýatlygyny gizlemegini jenaýatlaşdyrýan kanun taslamasyny birinji diňlenişiginde tassyklady.

Russiýanyň raýatlyk baradaky kanunyna 14-nji maýda girizilen üýtgetmelere laýyklykda rus raýaty ikinji bir döwletiň raýatlygyny alandan soň, bu barada bir aýyň dowamynda degişli resmilere habar bermeli.

Gürrüňi edilýän bu kanun bozulan ýagdaýda raýat 200 müň rubl, ýagny 6 müň çemesi amerikan dollary ýa-da 400 sagat jemgyýetçilik hyzmatynda işlemek bilen jezalandyrylyp bilner.

Parlament komitetiniň milli howpsuzlyk boýunça başlygynyň orunbasary Andreý Lugowoý žurnalistlere beren maglumatynda “rus raýatlarynyň arasyndaky goşa raýatlylary anyklamak” meselesine Russiýanyň Derňew komitetiniň hem gatnaşjakdygyny aýtdy.

Şeýle-de Lugowoý gürrüňi edilýän kanun güýje girensoň, goşa raýatlygy bar bolan rus raýatlaryň bu barada Federal migrasiýa gullugyna habar bermegi üçin üç aý wagty bolar diýdi.
XS
SM
MD
LG