Sepleriň elýeterliligi

​Yrak: Hüjümde üç adam öldi


Yragyň paýtagtynyň merkezinde bolan ulag partlamasynda azyndan üç adam öldi we başga-da 10 sanysy ýaralandy.

Ýurduň polisiýasy duralgadaky ulaga ýerleşdirilen partladyjy serişdäniň 15-nji maýda Bagdadyň Karrada sebitinde partladylandygyny aýtdy. Ölenleriň arasynda azyndan bir polisiýa ofiseri bar.

Bu partlama tutuş Yragyň çäginde bolan tapgyrlaýyn bomba hüjümlerden iki gün soň boldy. Şonda diňe Bagdadyň çäginde dokuz bombaly ulag partlamasy amala aşyrylyp, onda 40-dan gowrak adam ölüpdi.

Yrakdaky tapgyrlaýyn bu bomba hüjümler ýurduň şaýy musulmanlary Hezreti Alynyň doglan gününi belleýän mahaly amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG