Sepleriň elýeterliligi

​Abdullah, Gani ikinji sapar bäsleşer


Owganystanyň Garaşsyz saýlaw komissiýasy prezidentlik saýlawlarynda hiç bir kandidatyň sesleriň doly köplügini alyp bilmändigi sebäpli ses berişigiň ikinji tapgyrynyň geçiriljekdigini mälim etdi.

Garaşsyz saýlaw komissiýanyň 15-nji maýda beren maglumatyna görä, owgan prezidentligi üçin ses berişligiň ikinji tapgyrynda ýurduň öňki daşary işler ministri Abdullah Abdullah bilen Dünýä bankynyň öňki ykdysadyýetçisi Aşraf Gani bäsleşer.

Ses berişigiň ikinji tapgyry 14-nji iýunda geçiriler. Saýlawlaryň soňky netijelerinde Abdullah 45% ses alyp öňde barýardy. Gani sesleriň 31,6%-ni alypdy.
XS
SM
MD
LG