Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

​Ukraina: Separatistleriň iki bazasy ýok edildi


Ukrainanyň hökümeti howpsuzlyk güýçleri ýurduň gündogaryndaky Russiýa tarapdary separatistler tarapyndan ulanylýan iki bazany ýok etdi diýýär.

Ukrainanyň häzir iş başyndaky prezidenti Oleksandr Turçinowyň 15-nji maýda beren maglumatyna görä, gijäň ýary ýurduň howpsuzlyk güýçleri Slowýansk şäheriniň golaýyndaky söweşijileriň bazasyny ýok edipdir.

Şeýle-de, ol esgerler Slowýanks şäheriniň günortasyndaky telewideniýe binasynyň töweregindäki bäş kilometrlik zonany öz kontrollygyna geçirdiler diýdi. Mundan öň gürrüňi edilýän bina separatistleriň gözegçiligindedi.

Ukrainanyň Goranmak ministrliginiň beren maglumatyna görä, ýurduň howpsuzlyk güýçleri söweşijileriň Kramatorsk şäheriniň çetindäki buky jaýyny weýran edip, üç “terroristi” tutupdyrlar.
XS
SM
MD
LG