Sepleriň elýeterliligi

Magtymguly Pyragy "Galmady" diýen goşgusynda:

"Halaýyk barçasy jesethor boldy,
Alymlar ylmyndan galdy, kör boldy,
Sypahy barysy parahor boldy,
Şa aldynda adyl diwan galmady" diýipdir.

Pyragynyň "Şalar adyl bolmaz, daglar dumansyz" diýen setiri bolsa, şalyk-soltanlyk, ýekemen dolandyryş barada aýdyp boljak iň gysga we anyk kesgitleme ýaly görünýär.

Magtymguly diňe şalary ýa "haramhor begleri" tankytlamandyr, eýsem, magtymgulyşynaslaryň köpüsiniň pikirine görä, şahsyýet kämilliginiň, umumy ahlak gymmatlyklarynyň hem aýdymçysy bolupdyr.

Şahyryň "Pukaraýam" goşgusy bolsa, onuň öz missiýasyny "gözsüzlere göz, lallara söz" bolmakda görendigini tassyklaýar.

Eýsem "il-günümiň ýüzi idim" diýip ýazan şahyr şu günki gün öz halkynyň aň-ahlak dünýäsinde, akyl-paýhas ummanynda nähili orun tutýar?

Azatlyk radiosy, beýik şahyryň 290 ýyllyk ýaş toýy mynasybetli, nobatdaky "Tegelek stol" söhbetdeşligini Magtymguly we türkmen intellekti baradaky meselä bagyşlaýar.

Bu barada pikirleriňizi, soraglaryňyzy iberip, söhbete goşulmagyňyza garaşýarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG