Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukrainada çaknyşyk boldy


Ukrainanyň gündogaryndan gowuşýan maglumatlarda 16-njy maýda daňdan hökümet güýçleriniň we separatistleriň arasynda bolan söweşde ukrain goşunynyň separatistleriň Slowýanskyň çetindäki pozisiýalaryny top okuna tutandygy barada aýdylýar.

Gozgalaňçylaryň metbugat-wekili söweşleriň 15-nji maýda başlanandygyny we 16-njy maýyň daňdany Slowýanskyň golaýyndaky Andreýewka we Semýonowka obalarynyň, şeýle-de Krasny Liman we Karagun şäherleriniň golaýynda dowam etdirilendigini habar berdi.

Şol bir wagtyň özünde-de, Donetskde öz-özüni ykrar eden separatist ýolbaşçy Sergeý Zdrilýuk Kiýewiň regiondan goşuny çykarmagyna ultimatum talabyny öňe sürüpdi, bu talabyň möhleti 16-njy maýda agşam gutarýar.

Kiýewiň häkimiýetleriniň aýtmagyna görä, 15-nji maýda howpsuzlyk güýçleri separatistleriň Slowýanskyň golaýyndaky bazasyny ýok edip, Kramatorskdan günorta tarapda telewizion diňiniň daşyndaky bäş kilometr giňişligine gözegçilik edýärler.
XS
SM
MD
LG