Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Protestçiler tussag edildi


Moskwanyň golaýynda ýerleşýän Puşkino şäherinde polisiýa migrantlara garşy protestleriň dowamynda 60 adamy tussag etdi. Protestçiler ýerli ýaşaýjyny ödürmekde aýyplanýan Özbegistanyň raýatyny tussag etmegi talap etdiler.

15-nji maýda Moskwadan 30 kilometr uzaklykda ýerleşýän Puşkino şäherinde ýüzlerçe adam ýygnandy, käbirler immigrantlara garşy şygarlary gygyrdy, käbirler ýoluň gyrasyndaky söwda nokatlaryna hüjüm etdi we awtobusyň sürüjisini urup-ýençdi.

Bu hereketleri üçin tussag edilen adamlar boşadyldy. Bu çykyşlar Moskwada geçen ýylyň oktýabr aýynda we 2010-njy ýylda bolan milletçilikli zorluklary tutaşdyrmak baradaky howatyrlanmalary güýçlendirdi.

Puşkino şäherindäki protest aksiýasy şu hepdäniň başynda Žahongir Ahmedow adam öldürmek jenaýaty bilen baglylykda tussaglykdan gaçyp, Özbegistana gidip gutulansoň başlandy. Polisiýa Ahmedowyň Özbegistanda tussag edilendigini we sud edilmek üçin Orsýete gaýtaryljagyny ýatdy.
XS
SM
MD
LG