Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Ukrainada söweş barýar


Kiýewde Mariupoldaky söweşde öldürilen ukrain esgeri Rodion Dobrodomowy soňky ýoluna ugratdylar. 12-nji maý, 2014.

Kiýewde Mariupoldaky söweşde öldürilen ukrain esgeri Rodion Dobrodomowy soňky ýoluna ugratdylar. 12-nji maý, 2014.

Gündogar Ukrainadan gowuşýan habarlarda hökümet güýçleriniň we separatist pitneçileriň 16-njy maýda, irden söweşe girendigi, hökümet güýçleriniň Slowýansk şäheriniň eteklerindäki separatist pozisiýalaryny top okuna tutandygy aýdylýar.

Pitneçileriň sözçüsi 15-nji maýda başlan söweşleriň 16-njy maýda ir sagatlardan, Slowýansk şäheriniň golaýyndaky Andreýewka hem Semýonowka obalarynyň ýanynda, Krasnyý Liman we Karagun şäherlerinde dowam etdirilendigini aýtdy.

Ultimatum möhleti

Öten agşamky söweşlerde minomýot tapgyrlary we agyr pulemýotlar ulanyldy.
Şu arada Donetsk şäheriniň öz-özüni yglan eden separatist komandiri Sergeý Žrilýuk (Sergei Zdrilyuk) tarapyndan çap edilen ultimatumyň möhleti 16-njy maýda, giçlik tamam bolýar.

Žrilýuk 15-nji maýda Ukrainanyň ýaragly güýçleriniň ählisiniň öz ýaragly harby tehnikalaryny we barlag nokatlaryny Donetskiniň, Mariupoluň we separatistler tarapyndan kontrollukda saklanýan beýleki şäherleriň töwereginden çekmegi üçin 24 sagat wagty bar diýdi.

Žrilýuk, eger ol güýçler çykarylmasa, «meniň adam güýçlerim we serişdelerim ýeterlik, meniň komandirim maňa bu meselede öz goldawyny berdi, bularyň ählisi weýran ediler we ýakylar» diýdi.

Kiýew söweşler üstünlik diýýär

Kiýewde iş başyndaky prezident Oleksandr Turçinow 15-nji maýdaky söweşleriň üstünlikli bolandygyny aýtdy.

Ol hökümetiň howpsuzlyk güýçleriniň orsýetçi separatistleriň Slowýansk şäheriniň ýanynda ulanan bazasyny weýran edendiklerini hem-de Kramatorsk şäheriniň günortasynda, separatistler tarapyndan ele geçirilen telewizion diňiň töwereginde bäş kilometrlik zona kontrolluk etmegi gazanandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de Turçinow Kramatorsk şäheriniň golaýyndaky TW diňiniň ukrain telegepleşiklerini geçirip başlandygyny sözüne goşdy.

Bu diňi ele geçiren separatistler onuň signallaryny çalşyryp, öz kontrollarynda wagty diňe rus telegepleşiklerini berer ýaly edipdiler.

Ukrainanyň Goranmak ministrligi hökümet güýçleriniň 15-nji maýda Kramatorsk şäheriniň daşyndaky pitneçi bukularyny weýran edip, üç sany «terrorçyny» ýesir alandygyny aýtdy.

Ministrlik öz esgerleriniň arasynda hem pidalaryň bolandygyny aýtdy.
Bu söweş Kiýewdäki hökümet 14-nji maýda Ukrainadaky krizisi gowşatmaga gönükdirilen "milli dialoga» başlanyndan soň bolýar.

Milli dialog

Gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistler bu gepleşiklere gatnaşmaýar.
Kiýewdäki resmiler özleriniň separatistler bilen olar ýaraglaryny taşlaýança gürleşmejeklerini aýdýarlar.

Tegelek stol başyndaky gepleşikler ÝHHG-nyň Ukrainada 25-nji maýda boljak prezident saýlawlaryndan öň krizisi gowşatmak baradaky planlaryna esaslanýar.

NATO-nyň baş sekretary Anders Fog Rasmussen 15-nji maýda Bratislawada geçirilen howpsuzlyk konferenesiýasynda çykyş edip, Orsýeti bu krizisi gowşatmak üçin çäre görmezlikde tankytlady.

ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Londonda Orsýet, eger Ukrainada 25-nji maýda geçjek prezident saýlawlaryny böltemäge synansa, pudaklaýyn sanksiýalar, Orsýetiň ykdysadyýetiniň ähli pudaklary boýunça giriziljek gadaganlyklar bilen ýüzbe-ýüz bolar diýdi.
XS
SM
MD
LG