Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda ÝOJ-lara giriş synaglary kynlaşdyryldy


Özbegistanda abiturientler synaglaryň netijelerini görýärler.
Özbegistanda abiturientler synaglaryň netijelerini görýärler.
Özbegistanyň prezidenti tarapyndan 30-njy aprelde gol goýlan karara laýyklykda, ýokary okuw jaýyna giriş synaglary kynlaşdyryldy. Özbegistanyň "Respublikanyň ýokary okuw jaýlaryna talyplary kabul ediş tertibine goşmaçalar" hakyndaky kararyna görä, ýokary okuw jaýyna girmek isleýänler üçin synaglarda daşary ýurt dili boýunça berilýän sowallaryň sany 59-a ýetirildi. Mundan öň bu soraglar 35 sanydy.

Özbegistanyň “Respublika test merkeziniň” öz adynyň efirde agzalmazlygyny soran bir işgäri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda şu ýyl ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynda matematika we iňlis dili boýunça synaglaryň köpeldilendigini aýdyp, şeýle gürrüň berdi: “1-nji maýda ýokary okuw jaýlaryna talyp kabul ediş boýunça Döwlet komissiýasy ýygnak geçirip, 2014/2015-nji okuw ýyllaryndaky test synaglarynda iňlis dili we matematika boýunça talaby güýçlendirmek barada karar kabul etdi. Bu düzgün prezidentiň kararyny berjaý etmek üçin girizildi. Iňlis dili we matematika boýunça soraglar bilimiň 168 ugrunyň 108 sanysyna goşuldy. Mundan öň iňlis dili we matematika boýunça soraglar diňe şol ugra degişli bölümlerde bardy. Häzir iňlis dili we matematika boýunça soraglaryň sany öňküsinden iki esse köpeldi”.

Repetitorlar hoşal...

Talyplary ýokary okuw jaýyna taýýarlaýan Horezmdäki repetitor Sadulla Rozmetow özündäki maglumatlara esaslanyp, bu meseläniň käbir detallary barada Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Men abiturientleri matematikadan synaglara taýýarlaýaryn. Meniň bilşime görä, bu ýyl matematika boýunça sowallar köpelipdir. Matematika fakultetine girmek isleýänler arifmetika we algebra boýunça 30 sany sowala jogap bermeli bolarlar. Mundan başga-da, informasion tehnologiýa we kompýuter düzgünleri boýunça hem 6 sowal goşuldy. Algebra we geometriýa degişli soraglar hem köpeldildi”.

Soňra horezmli repetitor Sadulla Rozmetow ýokary okuw jaýlaryna giriş synaglarynda matematika we algebra boýunça sowallaryň köpeldilmegini we kynlaşdyrylmagyny goldap, sözüni şeýle dowam etdirdi: “Bu çykarylan karar dogry diýip hasaplaýaryn. Tehnologiýanyň esasy – sanlardan ybaratdyr. Sanlar diýmek bolsa, matematika diýmekdir. Informatika boýunça sowallaryň goşulmagy hem dogry. Sebäbi ýönekeý matematikadan emeli matematika geçiş üçin zerur bolan informatik tehnologiýalar barada abiturientde hiç bolmanda umumy maglumat bolmalydyr”.

Iňlis dili boýunça sowallar köpeldi

Özbegistanyň “Respublika test merkezinden” öz adynyň efirde tutulmazlygyny soran bir işgäri Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda talyplaryň iňlis dili boýunça bilimine has köp üns beriljekdigini aýdyp, ýene şeýle diýýär: “Iňlis dili boýunça test sowallarynyň köpeldilmegi baradaky talap prezidentiň 2012-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen “Daşary ýurt dillerini öwrenmek” baradaky kararyndan gelip çykýar. Munuň maksady hem talyplaryň döwrebap habar-aragatnaşyk tehnologiýalaryndan peýdalanyp, gelejekde olaryň daşary ýurtlardaky bilim merkezlerinde tejribe almagyna gönükdirilendir. Gelejekde talyplar daşary ýurt dillerini gowy bilýän adamlar bolup ýetişseler, halkara hyzmatdaşlyk we gatnaşyk hem rowaçlanar”.

Agzalan bu işgäriň sözlerine görä, iňlis dili boýunça synag sowallary “Elektronika we enjamlar”, “Ykdysadyýet” hem-de “Fizika we astronomiýany okatmagyň metodikasy” ýaly bölümler üçin niýetlenen testlerde köpelipdir.

Azatlyk Radiosyna berlen maglumatlara görä, gürrüňi edilýän testleriň sowallaryny taýýarlamaga 200 adam gatnaşýar. Olaryň aglabasy degişli ugur boýunça bilermenlerden we ýokary okuw jaýynyň mugallymlaryndan ybaratdyr.

Her ýyl Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynda geçirilýän test synaglary ýurduň Döwlet test (synag) merkezi tarapyndan taýýarlanylyp, ýokary okuw jaýlaryna paýlanyp berlen sorag-jogap görnüşindäki býulletenler esasynda amala aşyrylýar.
XS
SM
MD
LG