Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan Konstitusiýasyny özgerdýär


Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 16-njy maýda geçiren giňişleýin hökümet maslahatynda ýurduň 22 ýyl mundan ozal kabul edilen Konstitusiýasyna özgertmeleri girizmäge bireýýäm wagt ýetendigini aýtdy.

Türkmen lideriniň tassyklamagyna görä, Konstitusiýa özgertmelerini geçirmek zerurlygy ýurtda «amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriniň depgininiň ýokarlanmagy we geriminiň örän giňelmegi bilen bagly».

Prezident Berdimuhamedow bu özgertmeleriň çäginde ýurtda adam hukuklary boýunça wekiliň wezipesiniň hem dörediljegini aýtdy.

Türkmen döwlet habarlar gullugynyň maglumatynda aýdylmagyna görä, «geçiriljek özgertmeler... döwlet häkimiýetiniň täze edaralaryny we raýat jemgyýetini döretmäge-de mümkinçilik berer; raýatyň we adamyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny has-da giňeltmek we doly goramak üçin zerur şertleri döreder».
XS
SM
MD
LG