Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabatda täze uniwersitet dörediler


Türkmenistanda täze, iňlis dilinde sapak beriljek uniwersitet döredilýär.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 16-njy maýda geçirilen hökümet maslahatynda täze ýokary okuw jaýyny döretmek baradaky karara gol çekdi.

Türkmen döwlet habarlar gullugy täze döredilýän Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň ýylda 300-e golaý studenti kabul edip, 14 hünär boýunça bilim berjegini aýdýar.

2014-2015-nji okuw ýylynda işe başlajak täze uniwersitetde okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar we onda okamak tölegli bolar.

Şeýle-de prezident Berdimuhamedow iňlis, nemes we fransuz dillerinde sapak berilýän birnäçe mekdep döretmek, ýurduň ýokary okuw jaýlarynda ýörite dil kurslaryny guramak barada tabşyryk berdi.
XS
SM
MD
LG