Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanda günä geçildi


Türkmenistanda iki müňden gowrak tussagyň günäsi geçildi.

Türkmenistanyň prezidenti G.Berdimuhamedow 16-njy maýda geçiren hökümet maslahatynda ýurduň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň 22 ýyllygynyň hormatyna, Galkynyş, agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygyrýet baýramy mynasybetli jenaýat edenligi üçin iş kesilen tussaglaryň iki müňden gowragynyň (2184) günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi.

Şeýle-de bu karar esasynda 10 sany daşary ýurt raýatynyň günäsiniň geçilendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG