Sepleriň elýeterliligi

Krymda ýygnanyşmak bolmaýar


Krymyň lideri mart aýynda Orsýet tarapyndan Ukrainadan anneksiýa edilen sebitde 6-njy iýuna çenli jemgyýetçilik ýygnanyşygyny geçirmegi gadagan etdi.

Sergeý Aksýonow özüniň 16-njy maýdaky kararyny günorta-gündogar Ukrainadaky zorlukly wakalar bilen düşündirdi.

Mejlis, krym tatarlarynyň esasy wekilçilik guramasy 18-nji maýda regional paýtagt Simferopolda tatar maşgalalarynyň 1944-nji ýyldan başlap sürgün edilmeginiň ýyl dönümine gabat ýygnanyşyk geçirmegi planlaşdyrypdy.

Sürgün edilen 200 müňden gowrak adamyň köpüsi ýoldaky kynçylyklarda heläk boldy.

Mejlisiň başlygy Refat Çubarow bu karary «adamkärçiliksiz akt» diýip atlandyrdy.

Çubarow Mejlisiň öz etjek hereketi barada 17-nji maýda bir karara geljegini, emma tatarlaryň köpüsiniň bu gadaganlyga boýun bolmajagyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG