Sepleriň elýeterliligi

Daşkentde NATO-nyň býurosy açyldy


Özbegistanyň paýtagty Daşkentde NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklar we hyzmatdaşlyklar boýunça býurosy resmi taýdan işe başlady.

16-njy maýdaky açylyş dabarasyna NATO-nyň baş sekretarynyň Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça ýörite wekili Jeýms Appaturaý (James Appathurai) gatnaşdy.

Appaturaý Azatlyk radiosynyň Özbek gullugyna telefon arkaly beren gürrüňinde býuronyň ýaranlyk bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek üçin işlejegini aýtdy.

Appaturaý NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen partnýorlugynyň olaryň Orsýet bilen edýän gatnaşyklary bilen bäsleşik gurmaýandygyny hem sözüne goşdy.

Ol «biz bu ýere ýaryşmak ýa kimdir birleriniň syýasy ugruny üýtgetmegi üçin basyş etmäge gelmedik" diýdi.

Appaturaý 16-njy maý güni irden Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşyp, NATO goşunlarynyň 2014-nji ýylyň aýagynda Owganystandan çykarylmagynyň öňüsyrasyndaky ýagdaý barada maslahat etdi.

Özbegistan 1994-nji ýyldan bäri NATO-nyň Parahatçylyk üçin partnýorluk programmasynyň agzasydyr.
XS
SM
MD
LG