Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň gepleşikleri netijesiz


Eýran bilen dünýä güýçleriniň altysynyň arasynda guralan üç günlük gepleşik 16-njy maýda Tähranyň dawaly ýadro progammasy babatdaky gapma-garşylyga çözgüt tapmakda netijesiz gutardy.

Eýranyň ýokary derejeli gepleşikçisi, daşary işler ministriniň orunbasary Abbas Arakçi (Abbas Araqchi) aradaky pikir tapawudy jemleýji ylalaşygy taslap başlardan örän uly diýdi.

Emma muňa garamazdan, Arakçi gepleşikleriň dowam etjekdigine we 20-nji iýula bellenen soňky möhlete çenli jemleýji ylalaşygyň gazanylyp bilinjekdigine umyt baglady.

Birleşen Ştatlaryň uly resmisi ol ýerde «goşmaça realizmiň» gerekdigini, wagtyň çäksiz däldigini aýtdy.

Ol bu gepleşikleriň indiki aý, anyk bolmadyk bir günde gaýtadan başlanjagyny hem sözüne goşdy.
XS
SM
MD
LG