Sepleriň elýeterliligi

Polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy

Turkey -- A protester is kicked by Yusuf Yerkel (L), advisor to Prime Minister Tayyip Erdogan, as Special Forces police officers detain him during a protest against Erdogan's visit to Soma, a district in western province of Manisa, May 14, 2014

Türkiýäniň günbataryndaky Soma şäherinde polisiýa birnäçe müň adamdan ybarat protestçiler köpçüligine garşy suw toplaryny we göz ýaşardyjy gaz ulandy.

Bu ýerde şu hepde ýurduň taryhynda bolan iň erbet şahta heläkçiliginde 300-e golaý adam öldi.

Soňky protest ýurduň premýer-ministri Rejep Taýyp Erdoganyň hökümetine garşy möwjeýän jemgyýetçilik gaharynyň çäginde gurnaldy.

Protestçiler hökümeti bu betbagtçylygyň öňüni almak üçin ýeterlik iş etmezlikde günälediler.

13-nji maýda bolan şahta partlamasynda ýogalan 284 adamyň jesedi tapyldy. Resmiler ýene 18 şahtaçynyň aşakda galandygyny aýdýarlar.

Bu betbagtçylykdan soň müňlerçe adam Stambulda, Izmirde, paýtagt Ankarada soňky üç günde yzygider protest bildirdi.

Premýer-ministriň Soma sapary mahalynda Erdoganyň kömekçisiniň bir protestçini içikdirip depişini görkezýän wideo jemgyýetçilik gaharyny has-da möwjetdi.
XS
SM
MD
LG