Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada gepleşik geçirildi


Ukrainanyň hökümeti ýurduň günorta-gündogaryndaky krizisi gowşatmaga gönükdirilen «mili bitewilik» gepleşikleriniň ikinji tapgryny geçirdi.

17-nji maýda ýurduň Harkow şäherinde bolan gepleşiklere separatist liderleri gatnaşmady.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk duşuşykda hökümet «terrorçylar» bilen olar ýaraglaryny taşlaýançalar gürleşmez diýdi.

Ol hökümet regional adminstrasiýalara giň ygytýarlyklar bermek isleýär, emma ýurdy bölmäge hiç wagt ýol bermez diýdi.

Gepleşiklere Ukrainanyň iş başyndaky daşary işler ministri Ondriý Deşçitsia, ozalky prezidentler Leonid Kuçma we Leonid Krawçuk dagynyň başlyklyk etmeginde geçirildi.
XS
SM
MD
LG