Sepleriň elýeterliligi

Krym tatarlary Stalin sürgünini ýatlaýar


Krym tatarlary Stalin tarapyndan öz dogduk mekanlaryndan sürgün edilmekleriniň 70-nji ýyl dönümini, Hatyra gününi belleýärler.

Ukrain ýarymadasynyň paýtagty Simferopolda, habarlarda aýdylmagyna görä, şäheriň etegindäki metjidiň golaýynda ýygnanyşyk geçirilýär.

Irden Simferopol şäheriniň demirýol stansiýasynyň ýanyndaky ýadygärligiň töwereginde 100-den kän adam ýokdy.

Adatça 18-nji maýda, 1944-nji ýylda sowet häkimiýetleriniň tatarlary Merkezi Aziýa sürgün edip başlan gününde on müňlerçe tatar Simferopala ýygnanyp, Hatyra gününi belleýär.

Sürgün edilen 200 müň tataryň köpüsi ýoldaky hupbatlardan heläk boldy.

Mejlis, Krym tatarlarynyň esasy wekilçilik guramasy 17-nji maýda Hatyra gününiň goýbolsun edilýändigini yglan etdi.

Mejlisiň websaýtynda 17-nji maýda çap edilen beýanatda aýdylmagyna görä,18-nji maýda «Simferopol şäheriniň merkezinde köpçülikleýin ýygnanyşyk bolmaz».

Muňa derek Mejlis tatarlaryň dini merkezlerde we beýleki ýerlerde toplanmagyny ündedi.

Bu çäre Krymyň häkimiýetleri martda Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen regionda 6-njy iýuna çenli jemgyýetçilik ýygnanyşyklaryny gadagan edenden soň görüldi.

Krymyň Moskwa tarapdar lideri Sergeý Aksýonow ýygnanyşyklary gadagan etmek baradaky kararyny günorta-gündogar Ukrainadaky zorlukly wakalar bilen esaslandyrmaga çalyşdy.

Mejlisiň başlygy Refat Çubarow bu karary “adamkärçiliksiz akt» hökmünde häsiýetlendirdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 17-nji maýda Soçide krym tatarlarynyň wekilleri bilen duşuşdy we olaryň durmuş-ýaşaýyş derejeleriniň gowulanjagyny aýtdy.

Emma ol krym tatarlarynyň öz geljekleriniň Orsýet bilen baglydygyny kabul etmegi gerek diýdi.

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Waşingtonda «Orsýetiň Krymy basyp almak we anneksiýa etmek synanyşygy köne ýaralary açdy» diýdi.

Kerri Birleşen Ştatlar «1944-nji ýylyň betbagtçylygyny çuňňur gynanç bilen ýatlar, ýogsam biz bu günki gün, raýdaşlyk üçin, krym tatarlaryna abanýan täze howpa garşy hem bile durus» diýdi.
XS
SM
MD
LG