Sepleriň elýeterliligi

Şweýsariýa aýlygy sese goýýar


Şweýsar saýlawçylary dünýäde iň ýokary aýlyk minimumyny girizmek boýunça guralan referundumda ses berýärler.

Eger tassyklansa, iş berijiler bu referendumdan soň işçilere sagatda azyndan $25 ýa-da aýda $4500 aýlyk bermeli bolarlar.

Goldawçylar bu çäräni ýurtdaky durmuşyň örän gymmatlygy bilen düşündirýärler.

Emma tankytçylar munuň önümleriň bahasyny galdyrjagyny we işsizligi köpeltjegini aýdýarlar.

Soňky pikir soraşlyk bu teklibiň ret edilmeginiň ahmaldygyny görkezdi.

Dünýäniň iň bir baý ýurtlarynyň biri bolan Şweýsariýada aýlyk minimumy, ýagny tölemeli iň pes aýlyk derejesi ýok.
XS
SM
MD
LG