Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ötünç soraýar


Seýrek bolýan zat, Demirgazyk Koreýa şu hepde Phenýanda çöken kwartiralar toplumynda ýogalan adamlaryň maşgalalaryndan ötünç sorady.

Bu hadysada ýüzläp adam ölendir öýdülýär. Resmi KCNA habar gullugynyň maglumatyna görä, Phenýan 13-nji maýda paýtagtda bolan betbagatçylyk üçin çuňňur gynanç bildirdi we ötünç sorady.

KCNA habar gullugynyň beýanatynda jaýyň çökmegi netijesinde pida bolanlaryň hem bardygy aýdylýar, emma näçe adamyň ölendigi ýa-da ýaralanandygy aýdylmaýar.

Habarda halas ediş operasiýasynyň 17-nji maýda tamam bolandygy aýdylýar.

Günorta Koreýanyň Birleşmek ministrliginiň resmisi ýekşenbe güni Phenýanda 23 gat jaýyň ýykylandygyny we ýüzlerçe adamyň ölen bolmagynyň ahmaldygyny tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG