Sepleriň elýeterliligi

Balkan silinde 20 adam öldi


Balkanlara bir asyryň dowamynda gelen iň elhenç silde 20-den gowrak adam ölendir öýdülýär.

Sil suwunyň ýokary galmagyna köp ýagan ýagyş sebäp boldy we onlarça müň adam öýünden gaçmaly boldy.

Siliň iň erbet gelen ýeri Bosniýa, bu ýerde azyndan 16 adam öldi, ondan soň Serbiýa.

Bosniýanyň Howpsuzlyk ministrliginiň sözçüsi bir million çemesi adamyň, ýa-da ýurduň ilatynyň bir çärýeginiň sil gelen ýerlerde ýaşaýandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG