Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

3000 hytaýly ewakuasiýa edildi


Döwlet eýeçiligindäki Sinhua habar gullugy, Hytaýa garşy gozgalaňlardan soň, üç müňden gowrak hytaýlynyň Wýetnamdan ewakuasiýa edilendigini habar berýär.

Wýetnamdaky gahar-gazap Pekin günorta Hytaý deňzindäki dawaly ýerde nebit wyşkasyny gurmak kararyna gelenden soň möwjedi.

Hytaýly işçiler bilen wýetnam gozgalaňçylarynyň arasynda bolan çaknyşyklarda iki hytaýly öldi we ýene 100 çemesi ýaralandy.

Sinhua Hytaýyň öz raýatlaryny ewakuasiýa etmegi tizleşdirmek üçin bäş gämi ýollandygyny aýtdy.

Wýetnam paýtagt Hanoýda Hytaýa garşy protestleriň togtadylmagyny buýurdy we ýekşenbe güni polisiýa Hytaý ilçihanasynyň öňündäki protestçileri we žurnalistleri dargytdy.
XS
SM
MD
LG