Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hatyra güni goýbolsun edilýär


Krym tatarlary 70 ýyl ozal Stalin tarapyndan dogduk mekanlaryndan sürgün edilmekleriniň ýyl dönümini bellemegi goýbolsun etdiler.

Mejlis, Krym tatarlarynyň esasy wekiliçilik guramasy 17-nji maýda ýygnanyşyklaryň gadagan edilmeginden soň gelen kararyny yglan etdi.

Ukrainanyň martda Orsýet tarapyndan anneksiýa edilen ýarymadasynyň häkimiýetleri, Ukrainanyň günorta-gündogaryndaky gozgalaňlara salgylanyp, jemgyýetçilik ýygnanaşyklaryny 6-njy iýuna çenli gadagan etdiler.

Mejlis tatarlary Hatyra gününde dini merkezlerde we beýleki ýerlerden toplanmaga çagyrdy.

Adatça 18-nji maýda, 1944-nji ýylda sowet häkimiýetleriniň tatarlary Merkezi Aziýa sürgün edip başlan gününde on müňlerçe tatar Simferopala ýygnanyp, Hatyra gününi belleýärdi.

Sürgün edilen 200 müň tataryň köpüsi ýoldaky hupbatlardan heläk boldy.

Birleşen Milletler Guramasy 16-njy maýda, region anneksiýa edileli bäri, krym tatarlarynyň ýanalmagy bilen bagly «çynlakaý problemalar» barada aladasyny bildirdi.
XS
SM
MD
LG