Sepleriň elýeterliligi

Howpsuzlyk saýlawlara howp salýar


Ukrainanyň Merkezi saýlaw komissiýasy geljek hepde boljak prezident saýlawlaryny ýurduň gündogarynda geçirmegiň kyn boljagy barada alada bildirdi.

Komissiýa 17-nji maýda özüniň bu regionda saýlawlary taýýarlap bilmändigini, muňa haýbatlaryň we şäher-obalarda höküm sürýän separatistleriň «bikanun hereketleriniň» ýol bermändigini aýtdy.

Ol Kiýewdäki häkimiýetleri howpsuzlygy berjaý etmek üçin gyssagly hereket etmäge çagyrdy.

Bu duýduryş Kiýewdäki häkimiýetleriň «milli bitewilik» gepleşikleriniň ikinji tapgyryny geçiren wagtyna gabat geldi.

Bu gepleşikler krizisi gowşatmak üçin Günbatar tarapyndan goldanýan plan esasynda geçirilýär.

Harkowda geçirilen gepleşiklere ukrain syýasatçylary, şol sanda orsýetçi syýasatçylar hem gatnaşdy, emma separatistler çagyrylmady.

Şu arada Orsýet «top gümmürdileriniň» astynda nähili saýlaw geçirip boljagyny we onuň demokratiki normalara nähili gabat geljegini sorag astyna aldy.
XS
SM
MD
LG